GARAŞSYZLYK — GÜLLÄP ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

29-09-23

Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan barlygy, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk — parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy, pederlerden dowam bolan täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary! Täze döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň öňegidişliklerine goşýan çirksiz goşantlary has-da dabaralanýar. Belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň her bir pudagynyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny görmek bolýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns-aladasy bilen türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler.

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň her gü­ni toý, her gü­ni baý­ram. Ýö­ne mu­kad­des­li­gi bi­len aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýän Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my baý­ram­la­ryň tä­ji. Biz bu dü­şün­jä­niň maz­mu­nyn­dan ga­za­nan ýe­ňiş­le­ri­mi­ze, ýe­ten de­re­jä­mi­ze, eýe bo­lan bag­ty­my­za do­ly göz ýe­ti­rip bil­ýä­ris. Ga­raş­syz­lyk dü­şün­je­si ju­da be­lent, örän çuň, ol her bir yn­sa­nyň, jem­gy­ýe­tiň hem bü­tin hal­kyň yk­ba­ly­ny kes­git­le­ýär. Ta­ryh üçin gys­ga wagt bo­lan 32 ýy­lyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan öz sy­ýa­sa­ty, ösen yk­dy­sa­dy, tä­ze maz­mun­ly, baý me­de­ni­ýe­ti bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň ara­syn­da öz my­na­syp or­nu­na eýe bol­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk, se­bit hem se­bi­ta­ra yla­la­şyk, ener­ge­ti­ka, eko­lo­gi­ýa, ulag me­se­le­le­ri ba­ra­da eden tek­lip­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­nyl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän içe­ri hem da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ bi­ziň her bi­ri­mi­zi buý­san­dyr­ýar.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde geçirilýän dabaralarda watandaşlarymyzyň kalplaryndaky mähriban Watanymyzyň şöhratly taryhyna, ajaýyp we bagtyýar şu gününe bolan buýsanjyny, nurana gelejegimize ýagty ynamyny görmek bolýar.  Bu dabaralaryň ählisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent döredijilik ruhunyň, özgerdiji güýjüniň buýsançly  alamatlary bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän güni, ýagny 27-nji sentýabrda asylly däbimize eýerilip, ir säherde Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlanan çärä ildeşlerimiz bilen birlikde,  ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birlikde Garaşsyzlyk baýramçylygymyza gatnaşmak üçin dünýäniň ençeme döwletlerinden ýurdumyza gelen myhmanlar Arkadagly Gahryman Serdarly Watanymyza dünýäde goýulýan belent sarpany dabaralandyrdy.

Döwletli geňeşde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň eden çuň manyly çykyşlaryny teleýaýlymlar arkaly diňledik, metbugat sahypalaryndan okadyk. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “1991-nji ýyldan bäri geçen 32 ýylyň   dowamynda biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen  şöhratlandy” diýip bellemek bilen, ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoly dogrusynda jikme-jik durup geçmegi Watanymyza, ýurdumyzyň taryhy ösüşlerine, dünýä dolan şan-şöhratyna buýsanjymyz artyp, watançylyk ruhumyz has-da belende göterildi.

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanyna uludan toýuň toýlanmagy bu mukaddeslige bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy. Diýarymyzy toý-baýramlaryň, bagtyýarlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Baýram ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.