Geňeşli işler ýeňişlere eltýär
28-09-23
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakalary ýurt ykbalynda täze sahypalary açýar. Garaşsyz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ýokary ähmiýete eýe bolup, ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary guramaçylykly we üstünlikli geçirilmegi bilen baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen bu döwletli maslahata gatnaşmak bize hem nesip etdi. Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde dabaraly ýagdaýda geçen bu maslahat Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň we öňde duran täze menzilleriň özboluşly beýanyna öwrüldi.
Ata-babalarymyzyň sekiz asyrlap küýsän döwletliligi, garaşsyzlygy, erkinligi türkmen topragynda baky berkarar boldy. Magtymguly atamyzyň:
…Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
diýip islän berkarar döwletiniň şany hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda äleme dolýar. Garaşsyz bolup ýaşamagyň, döwletli bolup ömür sürmegiň neneňsi mertebedigine, nähili beýiklikdigine düşünen pederlerimiz bu topragyň erkinligi üçin birjik-de yhlasyny, şirin janyny aýamadylar.
Pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde has-da belentden dabaralandyryldy. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz demokratiýany ösdürmekde raýat jemgyýetini kämilleşdirmegiň, dünýä ölçeglerine laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmegiň, hukuk taýdan goramagyň, syýasy ulgamy ösdürmegiň, şeýle-de kämilleşdirmegiň tapawutlandyryjy aýratynlyklaryna yzygiderli üns berýärler. Munuň özi ilatyň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga işjeň gatnaşmagynda, raýatlaryň durmuş, syýasy hukuklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagynda öz beýanyny tapýan demokratiýany kämilleşdirmegiň yzygiderli işiniň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşiniň baş kanunalaýyklygy hökmünde çykyş etmegine oňaýly täsir edýär.
Şu gezekki taryhy maslahatda halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine örän köp wezipeler, örän köp tutumlar öňe sürüldi, halk wekilleriniň teklipleri diňlenildi. Halk maslahatynyň taryhy çözgütleri bilen birlikde, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi ― «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy ähli türkmenistanlylaryň başyny göge ýetirdi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ählihalk tarapyndan goldawa mynasyp bolýandygynyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň mähriban halkymyzyň söýgüsini gazanandygynyň aýdyň beýanydyr.Ýaşlarda gujuram bar, gaýratam.
Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gudraty bilen gazanýan ýeňişlerimiziň, ýetýän belent sepgitlerimiziň dowamy dowamat bolsun! Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrýan, ata Watanymyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza we Gahryman Prezidentimize egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Bagtygül JORAÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenabat halkara howa menziliniň buhgalteri. TKA-nyň başlygy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.