SANLY ULGAM WE MAGLUMAT HOWPSUZLYGY

28-09-23

Maglumat gurşawy bu günki gün jemgyýetiň ähli ugurlarynda işjeň ulanylýar. Ol bir tarapdan, ykdysady, gorag, sosial, syýasy we milli howpsuzlygyň düzüm bölekleriniň ýagdaýyny mese-mälim kesgitleýär hem-de dürli jemgyýetçilik gurluşyň  howpsuzlygyna täsir edýär. Beýleki tarapdan, maglumat howpsuzlygy howpsuzlygyň özbaşdak bölegi, ähmiýeti we alamaty hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda siwilizasiýanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin häsiýetli global ýagdaýlar maglumat howpsuzlygyň zerurlygyny öňe çykarýar. Ykdysady we tehnologiki gatnaşyklarda öňdebaryjy, ösen ýurtlaryň postindustrial jemgyýetiň tapgyryna girmegi bilen esasy işi bilen bir hatarda adamlaryň durmuşynyň we işiniň ähli ulgamlarynda maglumat alyş-çalyşygy bilen hem iş salyşmagyna getirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Maglumat howpsuzlygynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Sanly ulgam merkeziniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işi ýola goýlup, döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Maglumat howpsuzlygy -  bu maglumatlary ulanmak, saklamak we geçirmek üçin niýetlenen ulgamlaryň, tehnologiýalaryň we amallarynyň toplumydyr. Maglumat howpsuzlygynyň esasy maksady maglumatlary goramak, maglumatlaryň ýitmegine ýa-da birugsat üýtgedilmegine sebäp bolup biljek dürli ýagdaýlardan hem päsgelçiliklerden goramakdan ybaratdyr. Maglumat howpsuzlygy ýerine ýetirilýän her bir işiň dowamlylygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Maglumatlaşdyrma ulgamynda ösüş kanunalaýyk täze düşünjeleriň, munuň bilen birlikde, täze adalgalaryň ýüze çykmagyna getirdi. Häzir diňe bir maglumat barada däl, eýsem maglumat resurslary (adamzadyň, ilatyň, ýurduň we sebitiň, ykdysadyýetiň pudaklarynyň ýa-da bilimleriň, kärhanalaryň maglumatlary), maglumat giňişligi, maglumat gurşawy ýa-da maglumat akymlaryň aýlanýan gurşawy barada gürrüň edýärler. Şeýlelikde, “maglumat göreşi” we “maglumat ýaragy”, “maglumat howpsuzlygy”, “maglumatlary goramak”, “maglumatlardan gorag”, “maglumatlara garşy göreşmek” we “maglumat garakçylygy”, “maglumat diwersiýasy” ýaly düşünjeler dilde peýda boldy.

Häzirki wagtda eziz Watanymyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň hukuk binýadyny berkitmek babatdaky işleriň alnyp barlyşynyň çäklerinde Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmekde netijeli ädimler ädilýär. Bu ugurda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan kabul edilýän kanunlardan gelip çykýan wezipeler bolsa üstünlikli çözülýär. Türkmenistanda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Kanuny hem-de ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek hem-de işe girizmek boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda ençeme web-saýtlar döredildi we bellige alyndy. Ylmyň we tehnikanyň ösüşi dünýä jemgyýetçiliginde ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegini, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyny hem-de halklaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş durmuşynyň ösüş depginini kesgitleýär. Kämil tehnologiýalaryň, sanly enjamlaryň giňden ornaşdyrylýandygyndan ugur alyp, häzirki wagtda maglumatlar binýady bilen işlemek üçin ýörite programma üpjünçilikleri hem işlenip düzülýär. Şunuň bilen birlikde sanly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň özgerişini şertlendirýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuz we ygtybarly dolandyrylmagy döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy hökmünde çykyş edýär. Eziz ýurdumyzyň maglumat giňişligini kiberhowplardan goramagyň esaslaryny işläp düzmek, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmek, degişli ugra tehniki serişdeleriň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy bolsa döwletiň we jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

«Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi degişli ugruň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etdi. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň internet ulgamyndaky wehimleriň öňüni almakda, jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň üpjün edilmeginde ähmiýeti uludyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi sanly ykdysadyýete geçilmeginiň maýa goýum işjeňliginiň, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ösüşini üpjün etdi. Bu Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

 Selbi ANNAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Maglumat ulgamlarynyň torlary hünäriniň 5-nji ýyl talyby. 

Halypa mugallymy Gapur DURDYÝEW.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.