Saglyk - ruhy gymmatlyk
23-09-23
Jemgiýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän ,,Watan diňe halky bilen döwletdir’’ ýörelgesi esasynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. Ilatyň saglyk derejesini gorap saklamak we ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmek, durmuş-ykdysady hem-de lukmançylyk çäreleriniň ulgamyny peýdalanmakda esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Şeýle çäreleriň biri hem ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça degişli kanunçylyk namalaryň kabul edilmegidir.
Bu babatda hem 2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan "Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy’’ esasynda ýurdumyzda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu maksatnama boýunça temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna, kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen, temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerini azaltmaga gönükdirlendir.
Sagdyn durmuş - ýagty geljek. Durmuşdaky esasy zat bagtly, aladasyz, şat bolup ýaşamak. Bizi şol arzuwumyza gowuşdyrjak ýeke-täk zat sagdynlykdyr. Çenden aşa köp işläp käbir zatlara wagt tapyp bilmeýän ynsanlar öz saglyklary hakynda hiç-hili oýlanmaýarlar. Emma bu ýalňyşlykdyr. Günüň dowamynda ýarym sagadymyzy bedeni berkidiji maşklar bilen meşgullanmak her bir adam üçin has peýdalydyr. Dünýä meşhur lukmanlaryň bellemegine görä, her gün irden ylgamak ýa-da arassa howadan dem alyp maşklary ýerine ýetirmek, şol günümizi has ýeňil ýagny, ruhubelent, ýadawsyz, çakgan bolup geçirmegimize ýardam berýär.
Sagdynlyk – adamyň ruhy taýdan eýe bolan baýlygydyr. Halkyň abadan durmuşda ýaşamagy ýurduň egsilmez baýlygy hasaplanýar. Şol sebäpden her bir ynsanyň öňünde goýýan esasy maksady öz saglygyny berkitmekden ybarat bolup durýandyr.
Goşa ATAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.