Ýaşlar — Watan daýanjy
23-09-23
Häzirki döwürde ylym esasy ugurlaryň biri bolup, oňa ösüşleriň binýady hökmünde garalýar. Şonuň üçin hem ylym-bilimli kämil hünärmenleri ýetişdirmek bu günki günüň esasy wezipesidir. Ýaş hünärmenleriň ylymly, giň dünýägaraýyşly bolmagy ösüşiň täze mümkinçiliklerini kemala getirýär. Şoňa görä-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ylym-bilime uly üns berilýär, ýaş hünärmenleriň ylymly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde Diýarymyzy ählitaraplaýyn ösdürmek, sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.Ýaş nesiller — döwrümiziň daýanjy, güýç-kuwwaty hem ýagty geljege bolan ynanjy. Hut şoňa görä-de, ýaşlaryň öňünde uly jogapkärçilik bar. Ol halkyň ynamyny ödemek. Ýaş nesliň bu uly ynamy ödemegi üçin bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli mümkinçilikler döredildi. Bu günki günde ýaş nesilleri terbiýelemek babatda gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýan, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli durmuş tejribelerimize daýanylýar. Munuň şeýledigini 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň geçen umumy sapagyndan hem görmek bolýar.
Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň bilimli bolup ýetişmeklerine, milli terbiýesine aýratyn üns berilýär. Esasan hem olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklary, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri baş maksat hökmünde goýulýar. Şonuň üçin hem orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlarda ylym-bilime höwes döredilýär. Bu babatda olaryň köp okamalydygy, hünär öwrenmelidigi barada wagyz işleri geçirilýär.
Diýmek, ýaşlar — Watan daýanjy, ýaşlar — bagtly geljegiň kepili. Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlik maksatnamasynda: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has artdyrmak, intellektual ösüşi üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, esasan, häzirki nesilleriň hemmetaraplaýyn taýýarlygyna baglydyr» diýip bellemek bilen, ýaşlary beýik geljegi gurmaga çagyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlary ylymly, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman tehnologiýalardan, ösen innowasiýalardan ökdelik bilen baş alyp çykýan hünärmenler edip ýetişdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Ata Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesilleriň jemgyýetde we durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagy, ýurdumyzyň göreldeli ogul-gyzlary bolup ýetişmekleri baradaky döwlet syýasaty milli kanunçylygymyzda 2013-nji ýylda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda berkidilýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurtda ýaşlaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy we ösdürilmegi babatda uly itergi berdi. Şeýlelikde, ýurtda ýaşlaryň hukuklarynyň we döwlet goldawynyň kanunçylyk binýady tutuldy. Şeýle hem «Ýaşlaryň zähmete bolan hukugynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda ýaşlaryň bilim almaga, zähmete bolan hukuklary düzgünleşdirilýär.
Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, hemmetaraplaýyn kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky ýene bir uly ähmiýetli waka boldy.
Goý, merdana ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň we ýörelgeleriniň has döwrebaplaşdyrylan, kämilleşdirilen ýoluny dowam edýän, ýaşlar üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Muhammetdurdy ÝAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.