SANLY BILIM — DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY
15-12-25
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen sanly bilim ulgamyndaky ösüşleriň tizlik bilen giň gerime eýe bolmagy ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga güýçli itergi berýär. Şoňa laýyklykda ähli bilim edaralarynda okatmagyň innowasion usulyndan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagyna, ylmy-barlag işlerini geçirmegine, täze tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär.
Ýurduň ösüşi, özgerişi, ilkinji nobatda, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunynyň ýokarylygyna bagly bolup durýar. Şunda bilimiň binýadyny berkitmekde sanly bilim ulgamynyň ähmiýeti uludyr.Tehnologiýanyň ösýän döwründe onuň bilen aýakdaş gitmek ähli ulgamlarda esasy talap bolup durýar. Şonuň üçin milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar, kompýuterler ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesli döwrebap okatmakda zerur serişdelerdir. Şol serişdelerden ýerlikli peýdalanmak bolsa, bilim edaralarynda zähmet çekýän her bir mugallymyň borjudyr.
“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerinde ähli bilim edaralary sanly bilim ulgamy bilen üpjün edildi. Bilimiň hilini düýpli özgertmekde amala aşyrylan işleriň netijesinde ýokary okuw mekdebimizde talyplara berilýän bilimiň hili ýokarlandy. Talyp ýaşlar hünär ugurlary boýunça gerekli maglumatlary, gollanmalary elektron kitaplar arkaly alýar. Bu bolsa wagty tygşytlamaga hemde maglumat gorunyň baýlaşmagyna itergi berýär. Bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy mugallymlaryň geçýän her bir sapagyny täzeçe usulda guramaga itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýaş nesliň ylmy gözleglerini höweslendirmek hem-de goldamak, ylmy başlangyçlaryny ösdürmek, tejribesini ýokarlandyrmak, saýlap alan hünärleri boýunça bilim almagyny we halkara derejeli bäsleşiklere gatnaşmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýoluny alyp barmak ugrunda döredilýän şertleri muňa mysal hökmünde görkezip bolar. Şol sanda ulag kommunikasiýa pudagyň işini has netijeli guramak, ýükleriň möçberini we iberilýän ugurlaryny artdyrmak, ykdysadyýeti gowulandyrmak ugrunda öňde goýlan wajyp wezipeler ýokary derejeli we ussat hünärmenleri talap edýär. Biziň ýokary okuw mekdebimizde hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlerine goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bilim ojagymyzda döwrüň talabyna laýyklykda guramak boýunça talyplaryň ylym we bilim derejesi artdyrylýar. Olara okuw sapaklarynda ylmy tejribe we nazaryýet arkaly giňişleýin düşünje berilýär. Şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Bu bolsa talyplaryň ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmagyna, şolar esasynda önümçiligi alyp barmagyna şert döredýär.
Sanly bilim ýaşlaryň kompýuter sowatlylygyna, ylmy işleri alyp barmakda maglumat üpjünçiliginiň baýlaşmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Şol mümkinçilikleriň esasynda talyp ýaşlar diňe bir okuw gollanmalary bilen däl, eýsem, internetiň, bilim portalynyň, electron kitaphanalaryň üsti bilen alýan bilimlerini hasda kämilleşdirýärler. Bu bolsa olaryň hünärlerine ökde bolmagyna, hemmetaraplaýyn düşünje almagyna itergi berýär. Sanly bilim ulgamynda gazanylan netijeler ýaşlaryň onlaýn arkaly bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyna ýardam berýär. Bilim ulgamynyň düýpli özgermeginde sanly bilimiň ýaýbaňlandyrylmagy sapaklarymyzyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşlerinde ýaşlara uly orun berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gunça MÄMMETDURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmanÇylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.