SANLY YKDYSADYÝET — AÝDYŇ GELJEK

22-09-23

Döwletiň ösüş-özgerişiniň özenini ýurduň ykdysadyýeti düzýär. Ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylyp, sanlylaşdyrylyp, täzeçil usul bilen ýöredilmegi bolsa, ähli işleriň sazlaşygyna oňyn täsir edýär. Sanly özgertmeleriň dünýäde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyz ykdysadyýetimize sanly ulgamy doly ornaşdyrmaga, ösdürmäge aýratyn üns berýär. Durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, bu ulgam bilen bagly kanunçylyk binýady berkidilýär, möhüm resminamalar yzygiderli kabul edilýär we durmuşa geçirilýär.

Ykdysadyýet örän çylşyrymly we ähli zady öz içine alýan gural hökmünde her bir adamyň durmuşyna gatnaşýar. Ol önümçiligi we sarp edişi, şeýle hem şunuň bilen baglylykda kesgitlenen haryda ýa-da hyzmata bolan islegiň we teklibiň emele gelmegini özünde jemleýär. Sanly ykdysadyýet düşünjesi giňden ulanylýar we soňky döwürde bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan ugra öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmak netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar.

Sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyk lar ulgamyna sanly ykdysadyýet diýilýär. Ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň bähbidine we döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gönükdirilendir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiò mazmunyna, onuň ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.

Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli we köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle-de, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň  özgerdilmegine, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady ösüşi emele getirýär. Şunda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz önünde tutulýar.

Maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlaryny (internet) we olaryň elýeterliligini, kanunçylyk binýadyny sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezmek bolar. Sanly ykdysadyýet harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere az wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi  üpjün etmäge ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň we tehnologiýalaryň ähli ýerde, hemme wagtda elýeterliligine daýanýar.

Jemläp aýdanymyzda, elektronikasyz şu günki durmuşymyzy göz öňüne getirmek mümkin däldir. Elbetde, döwrüň ösüşleri-de şony talap edýär. Maksadyň tiz netijeliliginiň düýp köki hem şundan gaýdýar. Işleriň ilerlemegi, wagtyň tygşytlanmagy, ösüş ugrundaky habarlaryňdyr maglumatlaryň salgysyna tiz gowuşmagy hem tehnologiýalar bilen amala aşyrylýar. Biziň döwletimizde bolsa häzirki zamanyň iň kämil enjamlary halkymyzyň ygtyýaryndadyr. Şonuň esasynda ýurdumyzda ykdysady üstünlikleriň barha ýokarlanmagy döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär. Ýeri gelende bellesek, bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň halkymyza döredip beren ägirt uly mümkinçilikleridir. Halkymyzy şeýle elýeterli şertleriň, asuda hem-de abadan ýaşaýşyň eýesi edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işlerinde uly üstünlikler we rowaçlyklar ýar bolsun!                                                              

Maksat RESULOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.