Sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlyklary
20-09-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň belent derejelere eýedigini, ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygyny aýdyň beýan edýär. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda belent üstünlikler gazanylýar. Esasan hem milli ykdysadyýeti ösdürmekde sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr. Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri hem ylmy esasda öwrenilýär we alymlaryň pikirdir garaýyşlary beýan edilýär.
Sanly ykdysadyýet informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuşy we medeni aragatnaşygyň ulgamy diýmekdir. Şonuň üçin hem sanly ulgamyň, informasion-kommunikasion tehnologiýalaryň ähli mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak we durmuşa ornaşdyrmak ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda iň täze mümkinçilikler we gazanylanlar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda hünärmenleriň taýýarlygyny hem aýratyn bellemek gerek, çünki informasion-kommunikasion tehnologiýalara erk edýän hünärmenleriň zerurlygy üstünlikli çözülýär. Häzirki wagtda institutymyzda ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Esasan hem ýokary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenler tebigy bilimleri oňat özleşdirip, dürli ylmy garaýyşlaryny beýan edýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Her bir ykdysady ösüşiň gözbaşynda bolsa ylma esaslanýan başlangyçlar, döredilýän giň mümkinçilikler bar. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim döwrebap derejede ösdürilip, kämil hünärmenler bilen üpjün edilýär. Şunda ylym-bilimiň jemgyýetde aýratyn ornunyň bardygyny hem bellemegimiz gerek. Sebäbi kämil hünärmenler ylmyň iň täze gazananlaryndan habarly bolup, sanly ulgamyň ösdürilmeginde öz goşantlaryny goşýarlar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler hem-de ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Esasan hem innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin uly işler alnyp barylýar, bu ugurda kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär.
Häzirki döwürde sanly ulgam durmuşymyza işjeň ornaşýar. Ol tizligi, amatlylygy, döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen dürli kitaplary elektron nusgada tiz tapmaga we okamaga, uzak aralykdan ylmy maslahatlary guramaga mümkinçilik döreýär. Şeýle mümkinçilikler bolsa ösüşe tizlik berýär, işleriň çalt durmuşa ornaşdyrylmagynda şertleri döredýär.
Eziz Diýarymyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha ösdürilýär, ähli şertler döredilýär. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ylym-bilimi ösdürmäge, sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Sergeý DŹGAMAIA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.