Geljege yhlasly, hünäre höwesli ýaşlar

16-09-23

Berkarar ýurdumyzyň bilime höwesli, zehinli ýaşlary bar. Biziň her birimiz mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşandymyzy goşmak üçin höwes bildiren hünärlerimizi öwrenýäris. Hünär ynsany täze belentliklere galkyndyrýar, ruhubelent edýär, durmuşyna çuňňur many çaýýar. Türkmenistanda döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek häzirki zaman ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmekde esasy wezipedir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde kämil bilimli, giň gözýetimli, saýlap alan hünärini oňat bilýän, başarnykly hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hünäre goýulýan sarpa hem has ýokarlandy. Döwrümiziň özgermegi bilen hünärler hem kämilleşýär. Munuň özi ozaly bilen Arkadagly Serdarymyzyň ylmy-bilimi jemgyýeti ösdürýän güýç hökmünde öňe sürmegi bilen baglanyşyklydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş nesle uly ornuň degişlidigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ýaşlar jemgyýetimiziň iň işjeň bölegidir.

Bilim bagynyň ilkinji basgançaklaryndan biri bolan mekdep ýyllarynyň tamamlanmagy bilen, hünär saýlamak meselesi hem örboýuna galýar. «Haýsy hünäri saýlasam, dogry bolarka?», «Saýlan hünärim dogrumyka?» diýen ýaly soraglar islendik ýaş ýetginjegiň aňynda köwsarlap başlaýar. Aslynda, ýönekeýje bolup görünýän bu soragyň ykbal kesgitleýji güýji bar. Şeýle ýagdaýlarda maşgalada ýaşulularyň, ata-eneleriň şahsy göreldesi zerur bolup, olaryň degerli maslahatlary möhüm rol oýnaýar. Ýöne öz geljekki durmuş ýolumyzy saýlamak özümize has köpräk bagly.Hünär saýlamakda öňüňde goýan maksadyň ýa-da çagalykdan köňlüňde beslän arzuwdyr hyýalyň bolmagy hünär saýlamak üçin sarp etjek wagtymyzy tygşytlamaga ýardam edýär. Höwes-islegiň, sowadyň, bilim derejäň hem-de ukyp-başarnygyň hem bu ýagdaýa güýçli täsir edýär. Zähmet ýolumyzy saýlamakda goýberen ýalňyşlygymyz bize berlen uly baýlyk bolan ömrümizi manysyz geçirmegimize, wagtymyzy bihuda sarp etmegimize sebäp bolup biler. Köňül maksadyňa görä saýlanan durmuş ýoluň her güni-de, her sagady-da, her minudy-da üýtgeşik!

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  bilim ulgamyny ösdürmek we häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda özgertmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, beýleki ulgamlar üçin häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýokary bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamak babatda uly tagalla edýär. Şonuň bilen baglanyşykly, üstümizdäki okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde  täze hünärleriň onlarçasynyň girizilmegi, şeýle-de ýaşlara bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berilmegi häzirki döwrüň bilimlerinden ýüki ýetik hünärmenleriň taýýarlanmagynyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu zatlar ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamaga, bilim almaga höwes edýän ýaşlara hünär saýlamaga täze mümkinçilikler açýar. Ýaşlar şol mümkinçiliklerden peýdalanmaga höweslidiklerine talyplyga dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edilýän şu günlerde guwanç bilen göz ýetirýärsiň.

Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, watansöýüji, sagdyn ruhly we berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işleriň esasy maksadydyr. Bu işleri has-da üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi tassyklandy. Bu resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrdy, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltdi.

Ýurdumyzda tehnologiýalaryň ösen zamanynda kompýuterleşdirilen bilimlere daýanyp, häzirki zaman önümçilik desgalaryny işe girizmek ýola goýuldy. Bu bolsa ylmyň gazananlaryna esaslanýan milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin zerur hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Hünärmenleriň öz bilim derejesini ýokarlandyrmagy, ösen tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy möhümdir. Şoňa görä-de, ýaşlaryň saýlap alan ugurlaryndan oňat baş çykarmaklary has derwaýysdyr. Bu babatda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyp ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlary özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, Watanymyz, halkymyz üçin peýdaly adamlar bolup ýetişmek maksady bilen yhlasly okaýarlar, öwrenýärler, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Häzirki döwürde ýaşlar halk hojalygynyň ulag we kommunikasiýa pudaklarynda zähmet çekmäge isleg bildirýän hünärleri saýlap almak mümkinçiligine eýe boldular. Olar höwes edýän hünärleri boýunça okamaga doly mümkinçilik aldylar. Magtymguly atamyz: «Yhlas bile bir kämile gol beren, // Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz» diýipdir. Yhlas sizi maksadyňyza ýetirer, arzuwlaryňyzy wysala gowşurar. Siziň saýlan ýoluňyz — bilimler dünýäsi, hünär edinmek islegi ynsan ömrüni nurlandyrýan, geljegi ýagtyldýan ýol. Şonuň üçin yhlas ediň, alan bilimleriňiz boýunça güýç-gaýratyňyzy bir ýere jemläň, tijeniň! Sebäbi siz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar perzentleri, bagtly ýaşlary! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadagly döwrümiziň talyby bolmak ruhubelent ýaşlaryň her biriniň gursagyna beslän belent arzuwydyr. Ýaşlara şol ajaýyp maksat-myradyna ýetmegi arzuw edýäris.Ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, okamaga, döretmäge, işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

  Ayjahan GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.