MILLI BILIM ULGAMY: ösüşleriň täze döwri

15-12-25

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty uly rowaçlyklara beslenýär, ýurdumyz gülleýär hem ösýär. Ata Watanymyzyň nurana ertiri bolan ýaş nesilleriň kämil bilimli, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ähli mumkinçilikler döredilyär. Bu gün gujurly, ylymly türkmen ýaşlary täze eýýamyň galkynyşyndan ruhlanyp, dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi esasynda ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelemek meseleleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly ýeňişler, belent sepgitler, ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky şeýle beýik özgertmeler, täze gurulýan obalardyr şäherler, ýaşaýyş toplumlary jemgyýetimiziň kämillige tarap özgermegine, merdana halkymyzyň täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmagyna uly itergi berýär. Munuň özi eziz ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň hataryna ymykly goşulýandygyny äşgär edýär.

Sanly tehnologiýalaryň, sanly serişdeleriň, akylly enjamlaryň, elektron maglumat göterijileriň, wideo we audio şekilli ýazgylaryň bilim bermek işinde netijeli peýdalanylmagy dünýä ylmy hem ösen tejribesi bilen aýakdaş gitmäge uly mümkinçilikleri açýar.

Bilim – ösüşiň netijeli guraly hökmünde islendik döwletiň kuwwatlylygyny kepillendirmek bilen, ol kämilligiň çeşmesi, ähli özgerişleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda has-da öňe ilerleýär, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda barha döwrebaplaşdyrylýar.

Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer, oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, döwrümiziň badyna bat, şanyna şan goşýar.Ýeri gelende aýtsak, berkarar döwletimiziň ösüş ýolunyň täze belentliklerine ýetmeginde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň paýyna hem örän möhüm wezipeler düşýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi esasynda ýurdumyzda köpsanly döwrebap, sanly bilimi ornaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleri bolan bilim edaralary açylyp, olarda türkmen ýaşlary dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. Iň buýsançly ugurlaryň biri hem, ýaş nesliň kämil bilim almaklary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulyp gurlan we ösen innowasion enjamlar bilen üpjün edilen şeýle bilim ojaklarynyň sany ýylsaýyn artýar. Olarda ýokary hilli bilim almak hem-de ylym bilen meşgullanmak, dünýäniň meşhur ylym, bilim merkezleri bilen aragatnaşygy ýola goýmak, maglumat alyşmak üçin zerur şertler döredilýär.

Bu beýik ädimler ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmegiň we il-ýurt hem-de bütindünýä ähmiýetli ylmy açyşlary etmäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň ýokary derejesini üpjün edýär. Şeýle hünärmenler bolup ýetişmek düýpli ylmy, syýasy we hukuk taýdan ýokary medeniýeti, ösen dünýägaraýşy talap edýär. Ol bolsa innowasiýalara, ylmyň täze gazananlaryna we usulyýetlere goşulyşmazdan mümkin däldir. Milli bilim ulgamymyzyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we halkara ölçeglerine laýyk hünär derejesini ele almak wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň maglumatlaşmagy şertlerinde ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine hem aýratyn üns bermek zerur bolup durýar.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri, asylly ýörelgeleri bilen milli bilim ulgamyny uly özgerişlere besleýän, ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Toýmyrat HOJAGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.