Biz geljekki ýaş hünärmenler!

15-09-23

Häzirki wagtda ösüşdir özgertmelere beslenýän ýurdumyzda milli bilim ulgamy has-da kämilleşdirilýär, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli hünärmenler taýýarlanýar. Bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde institutymyzda  dünýäniň ösen ýurtlarynyň tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigini, ýaşlaryň döwrebap bilim alýandygyny aýratyn bellemelidiris.

Institutymyzda bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil nesiller kemala gelýär. Şonuň üçin hem sanly bilimi ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda institutymyzda özgertmeler syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.Şonuň netijesinde, sanly ulgama geçirmekde anyk işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we ony ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde örän jogapkärli wezipeler goýuldy. Olary amal etmek boýunça ýokary bilim ojagymyzda degişli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Konsepsiýada sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligini taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde içki  portal  işlenip düzüldi. Bu portal  elektron serişdeleri ulanmak bilen okatmagy we bilim işini dolandyrmagy kämilleşdirmäge, talyplaryň bilim derejesini barlamak işini döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Tor programmasy arkaly synaglaryň aralyk jemlemeleriniň geçirilmegi ýola goýuldy.Ýokary okuw mekdebimiziň okuw otaglarynda uzak aralykdan okuwlary geçmek boýunça ähli zerur şertler üpjün edilip,ýöriteleşdirilen okuw otagy döredildi.Bu okuw otagynyň kompýuter bilen enjamlaşdyrylmagy welaýatymyzyň we ýurdumyzyň ugurdaş okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan okuwlary guramaga şert döredýär. Munuň özi okuw mekdepleriniň mugallymlaryna we talyplaryna özara tejribe alyşmaga hem-de okuw-ylmy täzelikler bilen öz wagtynda tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açmaklary, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapyp, il-günümize gerekli, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza wepaly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan institutymyzyň bagtyýar talyp ýaşlar diňe bir hünär bilimlerini ösen tehnologiýalaryň esasynda ele almak bilen çäklenmän, eýsem, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet ähmiýetli işlerini uly buýsanç, döredijilik ylhamy bilen wasp edýärler.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň ähmiýetini wagyz etmek, many-mazmunyny düşündirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebimizde ylmy-amaly maslahatlar,wagyz-nesihat, ylmy-döredijilik duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, bäsleşiklerdir hepdelikler, açyk, görelde sapaklary yzygiderli geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramakda, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige
ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda mugallymlar, bilim işgärleri döredijilikli zähmet çekýärler. Işgärleriň sanly sowatlylygyny artdyrmak üçin hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça degişli ýörite okuwlar guralýar.

Biziň ýokary okuw mekdebimizde hem sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda köp mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlara uzak aralykdan bilim bermek maksady bilen portal saýty we birnäçe internet torlary döredildi. Bu portal saýty hem-de internet torlary bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalardan peýdalanmaklary üçin giň mümkinçilik döredýär. Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklary üçin döwrebap işler ýola goýuldy.

Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygy kämilleşdirilýär. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. 

Ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň geljegi bolan ýaş nesli terbiýelemekde, olara döwrebap bilim bermekde yhlas siňdirýärler. Talyplarymyz önümçilik tejribelikde bolanlarynda ussat halypalardan nusga alyp, kämil hünarmenler bolmaga çalyşýarlar. 

Sanly ulgam arkaly tejribeli mugallymlar bilen sapaklar guralýar. Sapakda multimedia tagtalaryndan peýdalanylýar. Multimedia tagtalary we proýektorlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdebimiziň otaglarynda mugallymlarymyz sapaklaryny tehniki serişdeler arkaly guraýar. Mugallymlaryň taýýarlan görkezme esbaplary, prezentasiýalary, görelde sapaklary, ylmy maslahatlary, taýýarlan usuly işleri ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

Ýaş nesliň döwrebap bilim alyp, kämil hünärmenler bolmagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri  hemişe rowaçlyklara beslensin!

Agamaksat ANNAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we Dolandyryş fakultetiniň Logistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.