Başarjaň hünärmenler – bagtyýar geljegiň eýeleri

12-09-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar hakyndaky aladany hem baş wezipe edip goýýar. Çünki ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan kämil hünärmenlerdir, aýdyň geljegimizdir. Aýratynam, orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde, olary ylmy işlere höweslendirmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine uly orun degişlidir.

Şeýle ýokary okuw mekdepleriniň birem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzdyr. Institutymyzda ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalary pudaklary üçin ýokary taýýarlykly hünärmenler ýetişdirilip, olar çylşyrymly tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmakda uly işleri bitirýärler. Önümçiligiň jogapkärli wezipelerinde döredijilikli zähmet çekýän uçurymlarymyz biziň guwanjymyz hem-de buýsanjymyzdyr. Sebäbi biz, mugallymlara öz taýýarlan ýaş hünärmenlerimiziň jogapkärli wezipelerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna çekýän döredijilikli zähmeti, ata Watanymyza, il-günümize haýyrly adamlar bolup ýetişmekleri institutymyzyň zähmetsöýer mugallymlarynyň tutanýerli zähmetiniň datly miwesidigi guwandyrýar.

Institutymyzy ýaşlaryň ýüzlerçesi tamamlap, bu günki gün milli ykdysadyýetimiziň ulag we kommunikasiýa  pudaklarynda zähmet çekýärler. Geçen  ýyllaryň içinde institutymyzyň baý iş tejribeli professor-mugallymlar dowamynda kemala geldi. Institutda ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary derejeli mugallymlar bilim berýärler: ykdysady ylymlaryň kandidatlary, ykdysady ylymlaryň kandidatlygyna dalaşgärler we ýokary derejeli mugallymlar. Olar okuw prosessini we döredijilikli ylmy işleri alyp barýarlar. Mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işleri we makalalary yzygiderli metbugatda çap edilýär. Mugallymlar hünär we bilim derejelerini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe ykdysady okuwlara we seminarlara gatnaşýarlar. Häzirki wagtda institutymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde ulanmaga berlen kaşaň binasy Aşgabat şäheriniň günbatar künjeginde görküne görk goşýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda institutymyzyň mugallymlary we talyplary Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň toýuna barýarlar. Toýa sowgatly barmagyň asylly däbine eýerýän mugallymlarymyzdyr talyp ýaşlarymyz ýeňişli menzillere ynamly gadam urýarlar.

Hawa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan talyplaryň saýlap alan ugrundan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin dynuwsyz tagalla edilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde ýöriteleşdirilen otaglarda okuwlar täsirli guralýar. Täze okuw ýylyndan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Ýaşlara demir ýoluň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünäri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologik serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulgamynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ýaly ugurlarda bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berler.

Has anygy, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ony ösüşiň belent sepgitlerine ýetirmek maksady bilen, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanýandygyny, okuwlaryň kämilleşdirilýändigini görmek has ýakymly bolýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüji, işine ökde, hemmetaraplaýyn taýýarlykly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Şamuhammet AŞYROW,
T
ürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.