Türkmeniň döwletli ýoly — ýaşlara dowam bu gün

12-09-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent ýaşlarymyzyň kalbynda besleýän ajaýyp arzuw-islegleriniň ählisi wysal bolup, maksatlary myrat tapýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hereket etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky aladanyň belent derejede durýandygyny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şatlykly we buýsançly wakalara, ýatdan çykmajak pursatlara baýdyr. Şanly ýylda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby bolup, Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň bu iri ýokary okuw mekdebiniň bosagasyndan ätlemek bagty maňa miýesser etdi. Munuň özi durmuşymyň iň şatlykly günleriniň biri boldy.

Elbetde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň gülläp ösýän, şan-şöhratynyň arşa göterilýän döwründe talyp bolmagy ýaşlaryň her biri arzuw edýär. Bu arzyly arzuw ýaşlaryň bilime hyjuwyny artdyryp, maksadyna ýetmäge ruhubelentlik berýär. Men hem kalbymda besläp arzuwyma ýetendigim üçin özümi örän bagtly saýýaryn.

Garaşsyzlyk döwründe dünýä inenler bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň häzirki ýaş nesilleridir. Bu günki ýaşlar Watan geljeginiň eýeleridir. Hut şonuň üçin-de, ýaş nesli ak ertirlere milli ýol-ýörelgelerimize kybap taýýarlamak, olarda bu topragyň, beýik pederleriň buýsançly nesilleridigi baradaky çuňňur watançylyk duýgularyny ösdürmek şu günüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şol jähetden, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýaşlar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçmegi taryhy gymmata eýe boldy.

Milli Liderimiziň ýaşlary taryhy özgertmeleriň jümmüşinde bolup, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň XXI asyryň nusgalyk şäherleri hökmünde ykrar edilmegine mynasyp goşantlaryny goşmaga çagyrmagy, bilimlerini we hünärlerini kämilleşdirmek, ylym bilen meşgullanmak, kämillige ymtylmak, ýadawsyz zähmet çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, sport bilen meşgullanmak bilen bagly gymmatly öwüt-nesihat etmegi okuwymyza has yhlasly ýapyşmagymyza we belent sepgitlere ýetmegimize ruhubelentlik berdi. Eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýan ýaşlar hakdaky alada berkarar Watanymyzda hemişe döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde durmuşa geçirilip gelinýär. Hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy ady bilen täzeçil işlere badalga beren täze döwrüň ilkinji pursatlaryndan başlap, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen tutumlar wezipeleriň uly toplumyny öz içine alýar.

Täze döwrüň ilkinji pursatlaryndan başlap, ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş mümkinçiligini gowulandyrmaga gönükdirilen tutumlar wezipeleriň uly toplumyny öz içine alýar. Häzirki wagtda ýaşlara jemgyýetiň işjeň bölegi hökmünde garalýar. Olaryň iş, durmuş üpjünçiligi hemişe üns merkezinde saklanýar we döwletimiziň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýaşlaryň ornuna ýokary baha berlip, olaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmeklerine şertler döredilýär. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda hem anyk wezipeler öňe sürüldi.

Berkarar Watanymyzda ýaşlar bimöçber üns-aladalar bilen gurşalýar. Bilim almaga, hünär öwrenmäge, kämillige ýetmäge ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döredýän şertleridir mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, okuwymyza yhlasly çemeleşeris, Watanymyza, il-günümize mynasyp, ökde hünärmenler bolup ýetişeris, ynama wepaly bolarys. Goý, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlarynda rowaçlyklar ýaran bolsun!

Yslam ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.