Magtymguly – beýik söz ussady

27-12-24

Hawa, akyldar şahyr “Magtymguly diýip adym tutsalar...” diýip arzuw edipdir. Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň arzu­wy Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşdy. Şahyr, ilkinji nobatda, berkarar döwleti isläpdir. Berkarar döwleti gurmagyň ilkinji synmaz sütüniniň agzy­birlikdedigine düşünip, erkin-azat ýaşamagyň sakasy bolan agzybirligi arzuw edipdir. Arzuwlaryny özüniň ölmez-ýitmez eserlerine siňdiripdir. Ýaşan ömründe adamzat kalbynyň çuňluklaryna aralaşmagy başaran, şahyr Magtymguly Pyragynyň filosofiki pikirleriniň, kämil dünýägaraýşynyň  diňe bir türkmen poeziýasyna däl, eýsem bütin dünýä poeziýasyna, medeniýetine ýetiren täsiri çäksizdir. Onuň many goýazylygy ýetik, özboluşly teoretiki garaýyşlara baý bolan şygyrlary bu günki gün bütin dünýäde söýlüp okalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Mähriban  topragynyň  hakyky watançysy  we onuň joşgunly  waspçysy  Magtymguly Pyragy  ýüzlerçe  ýyl mundan öň  öziniň  şygyrlarynda  halkymyzyň  agzybirligi we  jebisligi, watanymyzyň  azatlygy we bagtyýarlygy  barada arzuw  edipdi” diýip belleýşi ýaly,  bu gün şahyryň  ajaýyp  şygyrlary  öz ähmiýetini, çeperçilik  gymmatyny,  akyl  paýhasa  baý  many-mazmunyny  birjik-de egsenok.  

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenip geçilmelidigi hakynda belläp geçmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe onuň ynsanperwerlige ýugrulan beýik ýörelgeleriniň bütin adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilýändiginiň ajaýyp subutnamasydyr. Halkymyz  geçen  asyrlarda  hem Magtymgulynyň  şygyrlarynda  öňe sürülýän paýhasy  durmuşyň  beýik kanuny  hökmünde  diýseň  aýawly  hem  berk  tutupdyr. Ony öziniň  esasy ýörelgesine öwrüpdir. Magtymgulynyň  öňe süren  ruhy-ahlak garaýyşlary, ýagny  ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk  ýörelgeleri  türkmen halky  üçin  şu günem  juda gymmatly  bolmagynda  galýar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýörite çykaran Karary esasynda 2014-nji ýylda edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy bolan  Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy halkara derejesinde uly dabara bilen bellenip geçildi. Şeýle hem ussada goýulýan hormat hökmünde “Magtymguly adyndaky Halkara baýragy”, “Magtymguly Pyragy” medaly döredildi. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Magtymgulynyň ynsaplylyk, adamkärçilik ruhy halkymyzyň ýürekleriniň aýdymyna öwrüldi.

Şahyr:

- Jeýhun bile Bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli Türkmeniň.

- diýen goşgy setirleriniň üsti bilen göze görünip duran şekilinde ýurdumyzyň Döwlet kartasyny çekip görkezýär. Bu bolsa Magtymgulynyň jahankeşde  adam bolandygyndan habar berýär. Ol umumadamzat şahyry, dünýäniň akyldarydyr. Şonuň üçin-de ol ähli döwürleriň, ähli göwünleriň şahyry hasaplanylýar.

Aýsultan RUSLANBEKOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.