HALKYMYZYŇ GADYMY HEM MÜDIMI MIRASY

14-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimizi, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Has dogrusy, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çalt depginde ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saz-sungatyny öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ylmy gatnaşyklary ösdürmek, daşary ýurtlaryň iri ylym merkezleri we bu ugurdaky halkara düzümler, şol sanda ÝUNESKO bilen giňden hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biridir.

Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi raýatlarymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Bu çözgüt 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Türkmen dutarynyň şirin owazlary berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar.

Häzirki wagta çenli “Gadymy Merw” we “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, Köne we Täze Nusaý galalarynyň, “Görogly” dessançylyk sungaty, milli “Küştdepdi aýdym we tans dessury», şeýle hem türkmen halyçylyk sungaty ýaly medeni gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizilmegi bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň mysalydyr. Çünki, jemgyýetiň hem-de şahsyýetiň deňagramly we sazlaşykly ösmeginde halkara medeni hyzmatdaşlygy oňyn täsirini ýetirýär. Şol oňyn täsiriň netijesinde-de tutuş adamzadyň gymmatlyklar hazynasy giňeýär, bütin dünýäde dost-doganlyk ruhy artýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiz tarapyndan türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatynyň, türkmen keçe sungatynyň, türkmen demirçilik senediniň, türkmen tazysynyň we elguş sungatynyň, türkmen milli göreşiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň zerurdygy, ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna bolsa, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň goşulmagy we bu ugurda ileri tutulýan ençeme wajyp wezipeler alnyp barylýar. Bularyň ählisi kökleri gadymyýete uzaýan halkymyzyň toplan şeýle sazlaşykly durmuş tejribesiniň baýlaşdyrylmagynyň we umumadamzat mirasynyň hazynasyna goşmak üçin ylmy taýdan öwrenilmeginiň wajyplygyny esaslandyrýar.

Umuman, halkymyz milli mirasynyň maddy we maddy däl, taryhy-medeni hem-de tebigy obýektlerini tebigatyň edep kadalary bilen sazlaşykda däp-dessurlar, adatlar arkaly gündelik durmuş tejribesinde ulanypdyr. Şeýle durmuş tejribäniň taryhy kökleriniň gadymylygy, ýaşaýyş durmuşy üçin halkymyz bilen birlikde, dünýä halklary üçin hem ähmiýetliligi bolsa, olaryň goragynyň milli we halkara derejede üpjün edilmeginiň, öwrenilmeginiň, dikeldilmeginiň, baýlaşdyrylmagynyň we nesilden-nesle geçirilmeginiň kanunalaýyklygyny  tassyklaýar. Bize şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän, ata-babalarymyzyň miras goýan gymmatlyklaryny giňden öwrenmäge, ony halkara derejesinde ykrar etdirmäge giň ýollary açýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys.

Goý, ýurdumyzyň milli taryhy-medeni mirasyna belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Sähragözel BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.