MILLI YKDYSADYÝETIŇ OŇYN ÖZGERTMELERI

02-01-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz ählitaraplaýyn ösdürilýär. Şeýle beýik ösüşlerde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da uludyr. Bu babatda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilýändigi bellärliklidir. Sebäbi innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr. Munuň özi durmuşa geçirilýän işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygyny, sanly ykdysadyýetiň berk binýadynyň goýulýandygyny aýdyň görkezýär. Sanly ykdysadyýete geçmek bilen kompýuter tehnologiýasyny giňişleýin peýdalanmakda we döwrebap aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekde ýurdumyzda oňyn öňegidişlikler gazanyldy.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Şunda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleriniň netijesinde ykdysady ösüş belent derejelere çykdy. Milli ykdysadyýeti mundan beýläk hem ösdürmek, ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek maksady bilen milli maksatnamalar esasynda netijeli işler alnyp barylýar.  Türkmenistan giň göwrümli we aýdyň maksatly oňyn özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýar. Eziz Watanymyz gülläp ösýän döwlete öwrüldi. Ykdysady ösüşiň batly depginleri Türkmenistany dünýäniň ösýän ýurtlarynyň birine öwürdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr. Şoňa görä-de, dünýädäki syýasy, ykdysady, maliýe ýagdaýlara garamazdan, bu gün jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris” diýip belleýşi ýaly, durmuşa geçirilýän, alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady ösüşini kepillendirýär.

Ýurdumyzda geçirilýän ykdysady özgertmeler toplumlaýyn we köptaraply häsiýete eýe bolup, ol ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak; tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak, senagat hem-de oba hojalyk önümçiligini ösdürmek we gaýragoýulmasyz durmuş meselelerini çözmek arkaly ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi; hojalygy dolandyrmagyň çeýe we netijeli ulgamyny döretmegi; pul-karz, salgyt-býujet we nyrhlar syýasatyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasaty halk hojalygynyň netijeliligini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmagy, adam faktoryny işeňňirleşdirmek arkaly bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny we serişdelerini doly ulanmagy; islegden peýdalanýan we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmegi, ýurduň peýdaly geosyýasy ýagdaýyny pugtalandyrmagy; ýurduň ykdysadyýetini dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşmagy göz öňünde tutýar.

Ýurdumyz çalt depginler bilen ösýär, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde onuň orny barha ýokarlanýar. Şunda, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alynýar, milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýurdumyzda milli bilimi barha kämilleşdirmek maksady bilen, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň täze binalary gurlup, ulanmaga berilýär. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn, ylmy-usuly binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.

Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda milli bilim ulgamynyň sanly düzümleri hem ösdürilýär. Öňdebaryjy dünýä tejribeleri, täze bilimler, kompýuter we barlaghana enjamlarynyň okuw işinde giňden ulanylmagy, döwrebap okuw kitaplarydyr gollanmalary taýýarlamak esasynda, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüji, ynsanperwer ýörelgelere ygrarly nesilleri kemala getirmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde hususy pudagyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hususyýetçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýumlaryny özleşdirmäge ýardam edýär. Makroykdysady syýasat ýurdumyzda önümiň öndürilişiniň ýokary depginleriniň saklanmagyny üpjün edýär. Demokratik döwletimiz merdana halkymyzyň yhlasly, tutanýerli zähmeti, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri netijesinde dünýäde kuwwatly, gülläp ösýän döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Eziz Diýarymyzda häzirki zaman durmuş-ykdysady infrastrukturanyň emele gelmegi gurluşyk senagatynyň ösmegine getirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütleri işläp taýýarlamak bilen bagly işiň hukuk esasyny üpjün etmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny berkitmekde uly tagallalar edýär. Ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen, üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnama hem ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň, olary döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ata Watanymyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly dabaralanmasydyr.

Şeýlelikde, Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde gazanyljak beýik ösüşler şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar. Türkmenistan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürip, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşan, halkymyzyň parahat durmuşda, bolçulykda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, türkmen halkynyň röwşen geljeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Ýazmyrat ATDAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we Kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy: Göwher SOLTANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş kafedrasynyň  mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.