ARKADAGLY DÖWRÜŇ BAGTLY ÝAŞLARY
02-05-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň aň paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlarydyr. Şol wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanylan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, şeýle-de ýaş nesilleriň nurana geljegine gönükdirilen Döwlet maksatnamalaryna daýanýan beýik işler ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmekde düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagyna uly itergi berýär. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy hemde medeni durmuşynda gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde ýaşlarymyzyň mynasyp paýyny hem şeýle aladalaryň guwandyryjy miweleriniň hatarynda görkezmek bolar.
Ýaşlaryň hukuk hem-de durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň milli ruhyahlak, medeni gymmatlyklarymyza buýsançlaryny ösdürmek, jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeklerini gazanmak maksady bilen ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bagtyýar ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa eziz Diýarymyzyň kuwwatyny hasda artdyrmakda, dünýä dolan şan-şöhratyny belende götermekde uly ähmiýete eýedir. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň beýik maksatlara diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler, bedeniň hemde ruhuň kämilligi, üstünliklere bolan ynam bilen ýetip bolýandygyny, sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menziliň, bitirilmejek işiň ýokdugyny nygtaýan ganatly sözlerini ýene bir ýola ýadyňa salýar.
Ata Watanymyzyň egsilmez kuwwatyna, mizemez güýjüne, beýik geljegine deňelýän mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gurbanjemal BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ Mehanika-tehnologoik fakultetiniñ "Goteriji akidiji ýöriteleşdirlen maşynlar we enjamlar" hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.