MILLI YKDYSADYÝETIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ WAJYP GURALY
30-12-24
Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz milli ykdysadyýetiň maksatnamalaýyn ulgamyna esaslanýan täze guralyny döretmäge girişdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içerki bähbitleri, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine we ählumumy meýillere işjeň goşulmagyny nazara alyp, durmuş ulgamyny nazarlaýan çeýe ykdysady strategiýany işläp taýýarlady. Oňyn netijeleriň gazanylmagynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we umumy ykrar edilen halkara standartlaryna laýyk gelýän kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilmegine, döwletimiziň maliýe pudagynyň, salgyt-býujet we baha syýasatynyň kämilleşdirilmegine möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere möhüm üns berilýär.
Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry — milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi Türkmenistanyň ýylýazgysyna döredijilikli özgertmeler eýýamynda Watanymyzyň täze ykbalyna taryhy gün hökmünde girdi. Şu ýyllaryň dowamynda ykdysady syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň maliýe-karz, býujet, salgyt, maliýe, baha ugruny emele getirýän we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bazar gatnaşyklaryna geçmegiň milli usuly işlenip taýýarlanyldy. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletleýin milli maksatnamalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň önümçilik binýatlarynyň senagatlaşdyrylmagyny, onuň häzirki zaman düzüminiň we ägirt uly serişde mümkinçilikleriniň esasynda halk hojalygynyň hil taýdan täze pudaklarynyň döredilmegini esasy ugur edinýär.
Ýurdumyzyň banklarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere laýyklykda türkmen manadynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak, karzlaryň we ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar. Banklaryň halkara ülňülerine laýyklykda, maliýe hasabatlylygyna, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, bank edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýär.
Bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasynda milli Liderimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen wezipeleriň çäklerinde bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, işewürligi dolandyrmagy kämilleşdirmek, türkmen banklarynyň maýalaryny artdyrmak we olary hususylaşdyrmak boýunça anyk işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bu ulgamda sanly ykdysadyýete geçmek üstünlikli alnyp barylýar we onuň programma üpjünçiligi taýýarlanylýar. Bank işleriniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we munuň üçin sarp edilýän wagty gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde bu çäre banklara pul akymlaryna gözegçilik etmäge we degişli çözgütleri kabul etmäge şert döredýär. Raýatlarymyza hödürlenilýän bank kartlarynyň nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, jemgyýetimize giňden ornaşandygyny bellemeli.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredildi. Mundan başga-da, ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli peýdalanmaklary we olaryň girdejilerini artdyrmaklary üçin depozit bank karty möhüm gural bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary döwrüň ýagdaýyna laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, «Elektron täjirçilik» hyzmatlaryny girizmek boýunça ulgamlaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda taýýarlanan mobil tölegler üçin programma üpjünçiligi bolup durýar. Bu bolsa söwda we hyzmatlar ulgamynda töleg terminallarynyň eýeleri üçin müşderilere sanly hyzmatlary ýetirmek üçin nobatdaky mümkinçilikdir.
Türkmenistanda amala aşyrylýan strategik ähmiýetli işleriň depginleri we netijeleri ösüşleriň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigini ynamly aýtmaga doly esas döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, milli ykdysady özgertmeler, geljegimiz ugrundaky beýik işler rowaçlyklara beslensin.
Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Işan IŞANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy: Merjen SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.