Milli sungatymyza belent sarpa

26-04-23

Adamzadyň köp asyrlyk taryhynyň köklerini, edebi-ruhy gymmatlyklaryny, asyrlaryň jümmüşinden sünnälenip çykan iň nepis sungat eserlerini özünde jemleýän baý milli mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy ruhy binýatlarynyň biri bolup durýar. Gadymy ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, sungat derejesine ýetiren milli gymmatlyklary bu günki gün biziň her birimiziň buýsanjymyzy artdyryp, ruhumyzy galkyndyrýar.

Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri gadymy däp-dessurlarymyzyň belende göterilýän, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň artýan döwrüne öwrüldi. Türkmeniň medeni mirasy juda baý hem-de köp öwüşginlidir. Gelin-gyzlarymyzyň deňsiz-taýsyz el işleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir.

Asyrlary, müňýyllyklary aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmen halysydyr. Türkmen halylary özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşginleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlarynyň halylaryndan düýpli tapawutlanýar. Özünde taryhyň syryny saklaýan göller, nagyşlar türkmen halysynyň örän gadymylygyndan habar berýär. Türkmen halysynda halkyň özboluşly, aýdyň ruhy medeniýeti, onuň egsilmez çeperçilik ukyby hem-de göwün islegi öz beýanyny tapypdyr.

Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň ukybyndan dörän halylar türkmeniň durmuşyny bezeýär. Irki döwürlerde ata-babalarymyzyň döreden “Agyr halyny kakyp bolmaz, ownuk daşyn döküp bolmaz” diýen matalyna äpet halynyň asman giňişligine, onuň nagyşlarynyň bolsa, ýyldyzlara meňzedilmegi bu ajaýyp sungatyň mukaddesliginden habar berýär.

Waspy dessana mynasyp türkmen halylary müňlerçe ýyllaryň dowamynda halkymyzyň başdan geçiren ajy we süýji günlerini özüne siňdiripdir. Onuň her bir nagşynda, gölünde enäniň gyzyna ündewi, edepli gyzyň ene-atasyna, gerçek agasyna sarpasy, söwer ýaryna wepasy ýatandyr.

Türkmen halysy özüniň kämilligi arkaly bütin dünýäni haýran galdyryp, häzirki wagtda ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde el halysynyň dünýä derejesindäki şöhratyny saklap gelýär. Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan bu senetleri synlanyňda, ajaýyp bir duýgyny başdan geçirýärsiň.

Biziň ata-babalarymyz: “Öý haly ýazylan ýerden başlanýar” diýipdirler. Çaga özi üçin ýörite dokalan halyda ilkinji ädimlerini ädýär, gyzlar durmuşa çykanlarynda düýä ýükläp haly bukjalaryny alyp gidýär. Öýlenýän ýigidiň öýi-de gelni, haly bilen garşylaýar. Ony gapyda baý nagyşly haly-eňsi garşylaýar, eňsi serpikden soň, onuň öňünde bosaga ýazylan germeçden geçýär, soň ýere ýazylan äpet halynyň üstünde oturdylýar. Öýüň diwarlary haly horjunlardan, gap-gaç salynýan haly önümlerinden doly.

Berkarar döwletimizde halyçylyk sungatyna uly üns berilýär. Ýurdumyzda çeper elli dokmaçy gelin-gyzlarymyza uly sylag-sarpa goýulýar. Bagtly durmuşda ýaşaýan halkymyzy we ýurdumyzy ýagty geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Abadan RÖWŞENOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň Tehnosfera howpsuzlyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

16944f07098f54.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16944ef745f328.jpeg
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy

12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.


BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI

Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem  “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.


«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»

Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.


«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.