GALKYNYŞ DÖWÜRDE BAGTA ÝAR ÝAŞLAR

25-04-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şan beren ajaýyp ýyllaryň biri bolan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ýaşlara bildirilýän uly ynamyň aýdyň nyşany bolan bu şygar kalby joşgunly watandaşlarymyzda guwanç, buýsanç duýgularyny döretdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň joşgunly dabaralary häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2023-nji ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty, nurana geljegi bolan ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşy baradaky naýbaşy alada dur. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz nurana durmuşyň eýeleri bolan ýaşlara ýüzlenip, şeýle diýýär: «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys». Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän şeýle belent ynamyny ödemek täze taryhy eýýamyň belent ruhly ýaşlarynyň baş maksady bolup durýar. Munuň üçin ýaşlar halkara ülňülerine laýyk ylym-bilim öwrenip, dürli hünärleri ussatlyk bilen ele alýarlar. Döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda joşgunly zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagyna, kämilleşmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle yhlasly zähmetiň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki saldamly goşantlarynda aýdyň ýüze çykýar.

Ösüşlerden-ösüşlere ilerleýän ýurdumyz halkara derejesindäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Onuň esasy sebäpleriniň biri hem ýaşlara berilýän gyzgyn goldaw diýip aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda başy başlanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar üçin berilýän syýasy goldawyň naýbaşysydyr. Syýasy ýörelgäniň baş maksady, ýaşlaryň ata Watanymyzyň ilhalar nesilleri bolup ýetişmeklerini gazanmak, galyberse-de, olaryň kalbynda saýlap alan hünärlerine bolan höweslerini artdyrmak ýaly oňyn häsiýetleri kemala getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ýaş nesliniň parasatly ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplere eýerip, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýandyklary buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden örän mazmunly çykyşynda: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär» diýip, jaýdar belläp geçdi. Hut şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokarda ady agzalan guramanyň geljekde amala aşyrylmaly işlerini kesgitledi. Ol asylly işler bolsa, gönümel ýaşlar bilen baglanyşyklydyr.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýagty ertirlerimiziň, parlak geljegimiziň şugla saçjakdygyna berk ynanýarys. Çünki hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet wezipesine girişen ilkinji gününde öz halkyna, onuň agzybirligine, jebisligine hem-de merdanalygyna bil baglaýandygyny aýdyp, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty öňe sürdi. Halk bilen döwletiň bir-birine bolan ynamy, bitewüligi, jebisligi bolsa diňe ýeňişlere, rowaçlyklara eltýändir.

Şeýle buýsanjyň eýesi bolan biz — ýaşlara ähli babatda görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda asylly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Parahat ADYLBAÝEW, 
«Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

1685cd91398747.jpeg
Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.


1685b96735e5ca.jpeg
Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.


1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.