BITARAPLYK – ROWAÇLYGYŇ KEPILI

12-12-24

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasatynyň progressiw ugurlylygy ýurdumyzyň raýatlarynyň ruhubelentliginiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine gönükdirilen döredijilikli zähmetiniň gözbaşy bolup durýar. Her bir ýurduň Konstitusiýasynyňhalkyň ykbaly, onuň geçmişi, şu güni we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna taryh şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň binýadynda adamyň we raýatyň tebigy hem mizemez hukuklarydyr azatlygy goýlandyr.

Esasy Kanunymyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilmek bilen, onuň hukuklarydyr azatlyklary ygtybarly kepillendirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary babatdaky esasy konwensiýalaryna goşulmak bilen, halkara hukugyň kadalaryny milli kanunçylyga üstünlikli ornaşdyrýar.

Esasy Kanunymyz Garaşsyz ýurdumyzyň döwlet esaslarynyň, onuň gadymdan gelýän köpasyrlyk halk häkimiýetliliginiň demokratik sütünleriniň we däpleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Geljek ýylda hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem möhüm waka bolup durýar. Gurama agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyjymyzy goldamagy biziň üçin uly abraýdyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjeler bolmak bilen, olar biri-birinden aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ýörelge hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Çünki parahatçylyk, abadan durmuş her bir halkyň arzuwydyr.

Türkmenistan bu gün parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy, dost-doganlyk mekany hökmünde äleme doldy. Hiç bir harby bileleşiklere goşulmaýan, dawalara gatnaşmaýan döwlete, çylşyrymly meseleleri çözmekde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýa ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. Bu mukaddes Garaşsyzlygymyzy goramakda ygtybarly ýörelge bolup, türkmen halkynda uly buýsanç döretdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ylalaşdyryjy, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkidiji, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ösdürýän merkeze we halkara ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şeýle işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny, Diýarymyzyň halkara abraýynyň barha belende galmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Ganimat RAŞIDOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.