Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti

18-11-24

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bilen bir hatarda bilim-terbiýe meselesine, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek, ýaşlaryň ahlak sypatlaryny ösdürmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinden düşürmeýänligi ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemek işini irginsiz alyp barýan kitaphanaçylary has-da buýsandyrýar.

Ýaş nesli kitabyň, çeper eserleriň üsti bilen terbiýelemek çagalar kitaphanalarynyň işgärleriniň öz öňlerinde goýýan asylly maksatlarynyň biri bolup durýar. Çeper eserleriň – kyssadyr şygyrlaryň üsti bilen çagalara Watançylyk terbiýesini, estetiki terbiýäni, zähmet terbiýesini, ruhy-ahlak terbiýesini bermegiň, olarda ata Watana, ene Topraga bolan söýgüni döretmegiň, ene-ata bolan sylag-hormaty kemala getirmegiň, ylyma-bilme, kitaba sarpa goýmagy öwretmegiň özi kitaphanaçylaryň mukaddes borjudyr.

Nusgawy edebiýatyň ynsan aňyna, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesliň aňyna örän netijeli täsir edýändigine şübhelenýän megerem ýok bolsa gerek. Mysal üçin, şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary eriş-argaç bolup geçýär.  Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde iň bir görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly Türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr”.

Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.

Magtymguly, garyp göwnün baý edip,
Kanagat ülkesin bendi-jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan aý edip,
Aýyn gözlär, özge aýa seretmez”

- diýen setirleriniň üsti bilen göwnüň, ruhuň baý bolmagyny, sabyr-kanagaty özüňe ýaran edinmelidigini, söýgüňe wepaly bolmalydygyny öwredýär.

Öz bilim alan ýeriňe sylag-hormat goýmagyň görelde mekdebi bolup durýan setirleri bolsa ýaşlarda ylyma-bilime, okaýan mekdebine, gatnaýan kitaphanasyna sarpa goýmagy ündeýär:

“Daýym unutmaz men tylla gapysyn,
Gider boldum, hos gal, gözel Şirgazy!”

- diýmek bilen, nusgawy şahyrymyz “mekan eýläp, üç ýyl duzuny iýen”,  okap bilim alan ýerine özüniň hormatyny, sylag-sarpasyny parasatly setirleriniň üsti bilen mälim edýär.   

Ýaş ýetginjekler goşgy setirlerini sesli, labyzly okamak bilen, okan goşgy setirleriniň mynysyna düşünmeklige, hem-de ony mugallymlaryna, ene-atalaryna, ýa-da bolmasa biri-birlerine gürrüň bermeklige synanyşýarlar. Nusgawy şahyrlaryň eserlerini okamaklyk has aýdyň ýagdaýda bolup geçýär. Çünki nusgawy şahyrlarymyz göräýmäge ýönekeý bolup görünýän setirleriň üsti bilen çuňňur many-mazmuny açyp görkezmegi, “gysga, emma şerhi köp” sözleriň üsti bilen umman ýaly giň, daglar ýaly belent paýhas-pikirleri beýan etmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar. Bu eserleri okap çagalar özleriniň söz baýlyklaryny hem artdyrýandyklaryny, düşünmedik sözlerini sözlüklerden gözläp tapýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa olaryň kitaphanadan, maglumat çeşmelerinden özbaşdak peýdalanmak, özbaşdak pikirlenmek endiklerini kemala getirýär.   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr” diýip şahyra belent sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.

Gözel ÝAGŞYMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

16a135604b3f75.jpeg
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.


16a134ec8b4f4d.jpeg
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.


16a134f4aead86.jpeg
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.


16a134316a8180.jpeg
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.


16a1357490feea.jpeg
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY

Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.