Magtymguly Pyragy - şygryýet äleminiň beýik ussady

17-11-24

Her bir halkyň edebi mirasy onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyz parasatly durmuş tejribä esaslanýan edebi mirasyny gözleriniň göreji ýaly gorap, nesillerimize miras galdyrmak ugrunda uly aladalar edipdir. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr.

Ynsan gözelligiň gözleginde. Gözelligi bolsa, görmek, duýmak gerek. Adam ogly mydama gözelligiň gözleginde. Ol ruhy dünýäsini tebigatyň gözellikleri, sungat eserleri bilen baýlaşdyryp durýar. Türkmeniň beýik söz ussatlarynyň döreden ajaýyp eserleri ynsan kalbynyň gözellik çeşmesine öwrüldi. Bütindünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gözelligiň merjenidir. Halkymyzyň söz sungatynyň kerwenbaşysy hasaplanýan nusgawy şahyrymyzyň eserleri hut ynsanyň ýüreginiň töründe orun eýeleýär. Sebäbi şahyryň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiliginden gözbaş alýar.

Halkyň dünýä hakyndaky oýlanmalarydyr düşünjeleri şahyryň döredijiliginde jemlenýär. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde pederlerimiziň pähim-paýhasy siňen nakyllaryň, atalar sözüniň tutýan orny uludyr. Çünki akyldar şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary ýüreklerde baky öçmejek mukaddeslikdir. Ýürekden çykýan sözlerini köňül nagşy edip, «taraşlap, şagladan» şahyryň döredijilik älemi bahar aýlarynda gül-pürçüge beslenýän türkmen sährasyny ýadyňa salýar. Häzirki wagtda tutuş adamzat beýik filosofyň hem-de ynsanperwer şahyryň şygryýetinden joşgun we ruhy kuwwat alyp, onuň döredijiligine uly hormat goýýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.

Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII - XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy - edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede mynasyp bellemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly belleniler.

Şygryýet äleminiň ummany beýik akyldaryň ölmez-ýitmez goşgularyndaky pelsepewi pikirler diňe bir döwre, bir halka degişli bolman, eýsem, ähli halka, ähli döwre degişlidir. Onuň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasy halkyň taryhyny öwrenmekde, watansöýüjilik, edep-terbiýe, geljege bolan ymtylyşy, ylym-bilime söýgini döretmekde uly ähmiýete eýedir. Magtymgulynyň şygryýet älemi - türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip baha berýär. Onuň ruhy-ahlak pikirleri umumadamzat derejesinde, şonuň bilen birlikde ýaşlary terbiýelemek işinde-de bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr. Beýik şahyr päk ahlaklylyk, ýagşylyk-ýamanlyk, ýalançy-pany düşünjelerine esaslanyp, hoşgylawlylygyň, özara sylag-sarpanyň, ylym öwrenmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär.

Beýik şahyryň türkmen halkynyň durmuş mekdebi hökmünde ýurduň özygtyýarlygy we gülläp ösüşi, döwleti dolandyrmagyň kadalary, ylym-bilimi goldamak, rehimlilik, hormat goýmak, jomartlyk, myhmansöýerlik, bitewilik baradaky nesihat beriji goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde görelde mekdebidir. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýokdur.

Mährijemal HYDYRNIÝAZOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 3-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.