YKLYMLARA UZAÝAN ÝOLLAR

13-11-21

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Şu günki gün ýurdumyzda ulag düzüminiň utgaşdyrylan ulgamy döredilip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden uzaýan halkara we sebitara deňiz, derýa, awtomobil, polat we howa ýollary dünýäniň gujagyna aralaşýar, ak ýollar halklary birleşdirýär, yklymlary ýakynlaşdyrýar» diýip belleýär.

Hakykatdan hem ýollar halklary birleşdirýär, yklymlary ýakynlaşdyrýar. Umuman alanyňda, ýol gatnaşmak isleýän ynsanlaryň gatnaşyk serişdeleriniň biri. Gatnaşyk bolsa jemgyýetçilik gurluşynyň möhüm bölegi. Döwürleriň ösüşlere beslenmegi ynsanyýet durmuşynyň islegleriniň miwesidir. Ösüşleriň badynyň örän çalt depginlerine beslenýän häzirki döwrümizde gatnaşyklar tehniki serişdelere daýanýar.

Hut şonuň üçin hem ulaglaryň ähli görnüşleriniň gatnawlarynyň utgaşykly hereketine aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtoulag ýollarynyň gurluşygyna hemişe uly üns berýär. Paýtagtymyzyň we welaýat, şäher merkezleriniň awtoýollaryny döwrebap yşyklandyryjy enjamlar, ýolyşyklar bilen üpjün etmegi tabşyrýar. Pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurmak bilen awtoulaglaryň hereketiniň bökdençsizligini gazanmaga mümkinçilikleri döredýär. Ýerasty awtoulag geçelgeleri, halkalaýyn awtoulag aýlawlary, estakada köprüleri — bularyň hemmesi awtoulag gatnawlaryna ýeňillik döretmek maksadynyň miweleridir.

Uzak aralygyň gatnawlarynyň dünýäniň ösen döwletlerindäki üpjünçiliklerini ýurdumyzyň içerki ýollaryna ornaşdyrmagyň hem döwri geldi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoluny gurmaga girişildi. Bu iri taslamanyň gurluşygy 2023-nji ýyla çenli dowam eder. Onuň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Şeýle hem şol birleşmäniň agzalary bolan «Altyn nesil», «Oguz ýol», «Hyzmat merkezi» hojalyk jemgyýetleri we «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy esaslandyryjylaryň düzümine girýär. Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak aýlaw görnüşli çatrykdan başlanyp, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýanynda guruljak deň derejeli aýlawly çatrygynda tamamlanjak bu awtomobil ýoly
türkmen telekeçilerine bildirilen uly ynamdyr. Sebäbi bu ýol diňe bir ýurdumyzyň içerki gatnawlarynyň üpjünçiligini dälde, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýär. Bu ýoluň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi biziň üstaşyr geçirmek mümkinçiligimiziň amala aşyrylmagyna, goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerinede kybap gelýär. Şeýle-de, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il ýurt bähbitli işleriň hatarynda ýokary tizlikli Awtoban ýolunyň gurluşygynyň depgini hem maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýollaryň çatrygynda, örän amatly ýerde ýerleşmeginden ugur alnyp gurulýan ýollar ýurdumyzyň ulaglar ulgamynyň taryhynda möhüm ädim bolýar. Bu zatlar bolsa geljekde degişli ulgamyň has-da gülläp ösjekdigini, ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýynyň has-da artyp, dünýä uzaýan ýollarymyza nur çaýyljakdygyna berk ynam döredýär.

Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary biziň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli serişdelerini amatly amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz bu konsepsiýany öňe ilerletmek bilen, häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Goý, halklary birleşdirip, yklymlary ýakynlaşdyrjak şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagynyň gözbaşynda duran parasatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ogultäç TAGANDURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.