Ýertudananyň peýdasy barada
17-04-23
Gözleglere görä, ýertudana iýmek beýniniň garramagyny haýalladýar, ýagny akyl we güýçli ýady uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Ýertudana gözüň görüşini gowulandyrýar şeýle-de ýat, üçinem peýdalydyr. Köp gözlegler, her gün ýertudana iýmek retinal keselleriň, kataraktanyň, gury gözleriň, dowamly körlügiň we beýleki meseleleriň döremeginiň öňüni alýandygyny tassyklaýar. Bu miwäniň özboluşly biohimiki düzümi diňe bir görüşiň bozulmagyna sebäp bolýan köp keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni alman, eýsem bar bolan keselleri yzygiderli bejermekde hem kömek edýär.
Ýertudana antioksidantlara baýdyr .Antioksidantlar bedeni wagtyndan öň garramakdan we dürli kesellerden goraýar. Alymlar ýertudanada köp mukdarda fenolik birleşmeleriň - antioksidant häsiýetli bioflawonoidleriň bardygyny aýdýarlar. Bu miwäni gündelik sarp etmek, bedeniň dürli daşarky zyýanly täsirlere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrýandygy subut edildi. Möhüm şertleriň biri - miwäniň reňki näçe gara bolsa, antioksidantlara şonça baýdyr. Bu miwäniň C witaminine baýdygy hemmä mälimdir. Ýertudana düwnük keseliniň öňüni alýar.
Häzirki wagtda rak we onuň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek boýunça her ýyl ýüzlerçe gözleg geçirilýär. Olaryň käbiri, käbir iýmitleri yzygiderli iýmegiň, düwnük keseliniň döremek mümkinçiligini azaltmaga kömek edip biljekdigini görkezýär.Ýertudana miwesi bu sanawa girýär. C witamini, ellag turşusy, antosýanin, we beýleki peýdaly maddalaryň köp konsentrasiýasy sebäpli bu miwe düwnük keseliniň käbir görnüşleriniň ösmeginiň öňüni alyp biler.
Ýertudana berhize oňyn täsir edýär. Bu miwede süýji kaloriýasynyň az bolmagy berhizde orun almagynyň ilkinji sebäbi bolup durýar onuň 100 gramynda bary-ýogy 33 süýji kilokaloriýasy bar. Ikinjiden, bu miwede pes glisemiki görkezijisi bar, bu bolsa ýagyň bedende ýygnanmagynyň öňüni alýar. Üçünjiden, düzüminde ýag erediji maddalar bar. Käbir maglumatlara görä,bu miwäni gündelik iýmit önümleriniň içine alýanlarda berhiziň täsiri 24% ýokarlanýandygyny mälim edýärler.
Ýertudana gan şekerini kadalaşdyrýar. Ýertudana süýji kesellileriniň iýip bilýän miwelerinden biridir. Özboluşly giňişleýin düzümi, şeýle hem fitonitrientleriň ýokary derejesi sebäpli gandaky şekeriň mukdarynyň ep-esli ýokarlanmagyna goşant goşmaýar. Şonuň üçin süýji keseliniň döremek howpy ýokary adamlar üçin hem maslahat berilýär. Ýertudana ýürek üçin peýdalydyr. Bu miwäniň köp ýürek-damar keselleriniň döremek we ösmek howpuny azaldýandygy subut edildi.Bişen miwelerde magniý we kaliý hem bar. Bularyň ikisi hem gan basyşyny kadalaşdyrmaga we bedendäki suwuklygyň kadada saklanmagy sebäpli ýüze çykýan çişmeleriň öňüni almaga kömek edýär.
Allergiýadan ejir çekýän adamlara bu miwäni kabul etmek zyýansyzdyr. Şeýle peýda çeşmesi bolan bu miwäniň dürli allergiýadan ejir çekýän adamlara maslahat berilmegi geň zat. Şuňa meňzeş kynçylyklary başdan geçirýänler bu miweden hoşboý ysly, lezzetli miwelerden uzak durmalymy? Ýok, özboluşly biohimiki düzümi sebäpli, çagajyklarda we ulalarda bu miwe çişmegi we allergiýa bilen baglanyşykly käbir biohimiki täsirleri basýar. Mundan başga-da, gözlegleriň görkezişi ýaly, aýal göwrelilik döwründe ýertudana iýýän bolsa, çagada allergiýa döremek howpy azalýandygyny mälimdir.
Taýýarlan Kemalbaý SERDAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň Landşaft dizaýn hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.