ŞÖHRATLY GEÇMIŞDEN YNAMLY ERTIRE
12-11-21
Türkmeniň milli buýsanjy, beýik danasy Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Türkmeniň ruhy sütüniniň öwüşgini — Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkyň kalbynyň owazydyr. Magtymgulyny okan her bir ynsan jahana başgaça göz bilen garaýar. Magtymguly Pyragy sarpasy belentde tutulýan, ilki türkmeniň, soňra bolsa umumadamzat şahyrydyr. Onuň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň döredijilik älemi bilen her bir ynsanyň göwnüni galkyndyrmagy başarýar. Halkymyzyň akyldar şahyra bolan beýik söýgüsiniň nyşanyna öwrüljek Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem ýokarda aýdylanlaryň üstüni ýetirýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşy we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy uly depginde alnyp barylýar we ösen binagärlik çözgütlerini durmuşa geçirmek ugrunda birnäçe işler amala aşyrylýar.
Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby we onuň obalary gadymy Sumbar derýasynyň ýokarky akymynyň ugrunda ýerleşýär. Dag tebigatynyň gözellikleri, gojaman çynarlary, ýazyna daglardan çasly akýan çeşme-bulaklary, güýzüne alýaňakly almadyr narlary bilen adygan Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda şahyra bagyşlanan muzeýde onuň dürli döwürlerde, dürli dillerde neşir edilen kitaplary, eserleriniň daşbasma nusgalary we gadymy edebiýatlaryň golýazmalary ýerleşdirilendir. Şeýle hem akyldar şahyr barada ýazylan köpsanly çeper eserler, ylmy işler we Magtymgulynyň ýaşan zamanasyna degişli gymmatlyklar bar. Esasan hem, bu muzeýde şahyryň öz uýasy Zübeýda Hindistandan getiren çäýnegi aýratyn gymmatlyk hökmünde saklanylýar. Munuň özi diňe bir öz halkymyzy däl, eýsem dünýäniň jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekýär.
Muzeý 2014-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk toýy mynasybetli şahyryň döredijiligini öwrenmek babatda täze neşirler, şeýle hem taryhy maglumatlar bilen baýlaşdyryldy. Magtymgulynyň döredijiliginde agzybirlik, Watan, il-gün baradaky eserler esasy orun tutýar. Beýik şahyr öz halkynyň ykbaly bara da uly alada edip, türkmeniň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky asylly arzuw-umytlaryny, isleglerini ussatlyk bilen beýan edipdir we halky agzybirlige çagyrypdyr.
Halkynyň beýik şahsyýetlerini özüniň pähim-parasada ýugrulan pikirleri bilen mertebelendirýän eziz Arkadagymyzyň ýörite tabşyrygy esasynda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk senesini ýurdumyzda dabaraly bellemek üçin eýýäm köp wagtdan bäri uly taýýarlyk işleri geçirilýär.
Biz hem halkymyzyň dünýä belli şahyrynyň ajaýyp eserlerini öwrenmek işinde öz yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyzy ynandyrýarys. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy köklerini sarpalap, ýaş nesillere geçirmek ugrunda irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Yhlas JANMURADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.