ULAG ULGAMY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

11-11-21

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, ýurduň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan giň möçberli işlere, ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüşözgerişlere nazar aýlasaň, Watanymyzyň atabraýynyň älem içre ýaýraýandygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň.

Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmagyna esaslanýar. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn deňhukukly hemde özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Awtoulag,demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek bilen, «Demirgazyk—Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlaryboýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ol Ýuwaş ummanyndan Hazar deňzine we Gara deňze çenli, Ýewropanyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi öz içine alýar.
Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçilmegi ulagyň ähmiýetini has güýçlendirdi. Ýurtlaryň, sebitleriň, welaýatlaryň, etraplaryň arasyndaky gatnaşyklar bazar ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýär. Şol sebäpli ýurtlaryň arasynda ulag ýollaryny peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we şu esasda hemmetaraplaýyn gatnaşyklar amala aşyrylýar. Bu gatnaşyklary we döwletimiziň öz içindäki dolanyşygy alyp barmakda, önümçiligi rejeli ýerleşdirmek üçin ulag serişdeleriniň ähmiýeti uludyr.

Ulag —  bu ykdysady sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmeginde, öndüriji güýçleri çäk boýunça mümkin gadar endigan ýerleşdirmekde, önümçilik pudaklarynyň, kärhanalaryň arasynda ykdysady tehnologik aragatnaşygy amala aşyrmakda taýsyz serişdedir. Dünýä ýüzünde häzirki döwürde ulag ýollarynyň köpugurlylygy, hili we tizligi esasy görkezijileriň biri bolmak bilen, halkara ykdysady gatnaşyklarda aýgytly orun eýeleýär. Dünýä tejribesine syn salsak, geografik taýdan amatly ýerleşen ýurtlarda we sebitlerde ösen ulag toplumynyň döredilmegi üstaşyr ýüklerden hem goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýükleri üstaşyr daşamagyň özüneçekijiligini, bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün edýän, bitewi, köpugurly we daşary ýurtlar bilen goşulyşan ulag giňişligini emele getirmäge uly üns berilýär. Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň şu geografik ýagdaýy nazara alnyp, ýurduň geoykdysady ýagdaýyny düýpli berkitmek maksady bilen uly möçberli, halkara ähmiýetli demirýol we awtomobil ýollary, gaz geçirijiler gurulýar. Aziýa yklymynda ýerleşýän döwletleriň Türkmenistanyň üsti bilen Pars aýlagyna, Türkiýä, Ýewropa ýurtlaryna çykmak mümkinçiligi bar.

Soňky ýyllarda gurlan we gurulýan demirýol, awtomobil we howa ýollary ýurdumyzyň üstaşyr geçelge hökmündäki ähmiýetiniň artýandygyny we ykdysady görkezijileriň ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň geosyýasy ugry hyzmatdaşlygyň durmuşyna oňyn täsir edýär. Milli ykdysadyýetimiz dünýä ykdysady giňişliginiň iň bir ygtybarly, berk binýatly düzüm bölegine öwrülýär. Ýakyn goňşularymyz bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem möhüm şert bolup durýar. Türkmenistanyň sebitleýin strategiýasynyň maksady Merkezi Aziýada giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hemde ösüşiň derwaýys meselelerini çözmek üçin sebitde amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy döretmäge doly ýardam bermekden ybaratdyr.

Goý, ata Watanymyzy ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Leýla ÝAZMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň  talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.