Olary her gün içýärsiňiz: bu içgiler gazlandyrylan içgilerden hem has howply

17-04-23

Her gün içýän içgilerimiziň arasynda gazlandyrylan we alkogolly içgilerden has howply içgiler bar.

Gyzgyn çaý

Çaý içmegiň zyýanly däldigi hakda hemmämiz bilýäris. Mysal üçin, hytaýlylar çaý içmän gezen güni ýok  diýen ýaly olar günde her sagtatda diýen ýaly çaý içýärler, ýöne bu ýerde mesele çaýyň temperaturasy. Biz gyzgyn bir zady gowy görýäris. Has-da gyzgyn içgiler (diňe bir çaý däl, eýsem gyzgyn kofe, gyzgyn çorba hem içmegi halaýarys) mikrotrauma we mikroinflamasiýa sebäp bolýan gyzyl içege ýaramaz täsir edýär.

Wagtyň geçmegi bilen bu göze görünmeýän meselelere onkologiki kesellere sebäp bolup biler. Şonuň üçin sowadylan çaýy içmäge synanyşyň.

Süýt

Sowuk içgileriň bu görnüşleri gyzgyn içgiler ýaly problemalara sebäp bolup biler.Bulardan biri-de , süýt kokteýlleri olar , beýnimize  ýakymsyz täsir edýär.Fitnes tälimçileri süýt kokteýlleriniň oňat peýdasynyň bardygyna ynanýarlar, bu içgi semremäge kömek edýär. Hakykatdanam agram almak isleýän bolsaňyz, saglygyňyz üçin azajyk ýyly süýt içiň.

Ajy kofe

Kofeni ortaça içmek peýdalydyr: oýanmaga, täzelenmäge we metabolizmi çaltlaşdyrmaga kömek edýär. Şeýle-de bolsa, kofe gaty ajy bolsa, dürli gan basyşyň sebäpkäri  bolup biler - gan basyşy ýokarlanýar we peselýär. Netijede adam özüni erbet duýýar.

Energetiki içgileri

Ortaça mukdarda energetiki içgileri içýärsiňiz diýip özüňizi aldamaň. Energetiki içgiler peýdaly däl, ýagny howp derejesi ýokary. Şol bir wagtyň özünde, bu içgileriň adamy endik edýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

Taýýarlan Deňiz DÄDEKOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň  Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulaglarynyň gatnawlaryny guramak we dolandyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby
.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.