Balarylar barada
15-04-23
Balarylar ilkibaşda agaçlaryň deşiklerinde, daglaryň gowaklarynda, jaýryklarynda ýaşapdyrlar. Arheologlar tarapyndan tapylan tapyndylar balarylaryň 30 million ýyl öň dörändiklerine şaýatlyk edýär. Adamlar mundan 6000 müň ýyl öň balarylary idedipdirler.
Öý balarylary emeli öýlerde ýaşadylyp, tebigy duşmanlardan, gyşyň gazabyndan goralýar we olara goşmaça iýmit hem berilýär. Olar adamlaryň döreden şertlerine uýgunlaşýarlar. Ýabany arylar bolsa, durmuş üçin göreşmeli bolýarlar. Balarysynyň peýdaly önümlerinde balynda, mumynda, ary ýeliminde, ary süýdünde, zäherinde kesel bejeriji häsiýetler bar.
Olar ysly ýere barmaýarlar, atyr sepinen adamy hem özlerine ýakynlaşdyrman, çakyp goýberýärler. Ysly ýere ýalňyşyp gonan balarysy ketegine goýberilmeýär.
Ýüzärligiň tüssesi ýyladyşhanadaky ösümliklere gowy täsir edýär. Ýöne balarylary tüssäniň ysyny alsalar, hiç ýere çykmaýarlar. Olar häsiýeti boýunça juda ätiýaçly. Balarylary tüýli eşik geýip ýanlaryna barsaň, ýabany haýwandyr öýdüp ýanyna goýbermeýärler. Bu häsiýet olaryň ýabany döwürlerinden galan endigi.
Olar şemally gün hiç ýere çykmaýarlar we işlemeýärler. Balarylary juda işeňňirligi we arassaçyllygy bilen tapawutlanýar. Olaryň bal ýygnaýyşlarynda hem berk düzgün-nyzam bar. Balarylaryň her toparynyň öz ýolbaşçysy we keteginiň gapylarynyň hem sakçysy bolýar. Bir maşgalada ene arylar duşuşsa, olar biri-biri bilen uruşýarlar. Balçy olary aýyrjak bolsa, birden birine zeper ýetirmeli bolýar. Şonuň üçin araçy bolup goşulmaly däl. Sagdyn, güýçli ene ary maşgalany güýçlendirýär. Ene arynyň işçi synalary ösen däldir. Şonuň üçin işçi ary bilen deňeşdireniňde onuň beýnisi hem ösmedik hasaplanylýar. Maşgalada ene balary bolmasa, onda onuň agzybir ýaşaýşy bozulýar. Ony 2 ýyldan artyk saklamak maslahat berilmeýär. Diňe tohum balarylary döretmek maksady bilen olary uzagrak saklaýarlar.
Işçi arylar gutynyň içindäki öýjükleri arassalaýarlar, ene aryny iýmitlendirýärler, erkek arylary maşgaladan kowup çykarýarlar, gutulary ýelejiredýärler, öýjükleri ýasaýarlar, sakçylyk işini alyp barýarlar, zyýan beriji mör-möjeklere garşy göreşýärler, meýdandan şire we gül tozanjyklaryny ýygnap, ondan bal we mum öndürýärler, gutulara suw ary ýelimini getirýärler. Olaryň ganatlary diňe uçmak üçin däl, gutyny ýelejiretmek üçin hem hyzmat edýär.
Taýýarlan Hemra NURGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.