Gadymdan gelýän mäş ekini barada

14-04-23

Türkmenleriň gadymy aş-höreginiň biri bolsa mäşdir. Dünýä derejesinde mäşe bolan islegiň ýyl-ýyldan artmagy bilen, ony ösdürip ýetişdirýän daýhanlara ykdysady taýdan bähbitli hem girdejili boldy.

Mäş bir ýyllyk ösümlik bolup, ol diňe dünýäde ygal-ýagnyň az möçberde düşýän, has yssy ýurtlarynda ýetişdirilýär. Ol öz ekilen ýerini azot bilen baýlaşdyrýar, anyk aýdylanda, her gektarda 150-250 kilogram köpeldip, ýeri mes edýän ekinleriň biri hasaplanylýar. Mäş yssy howany hem-de az möçberde suwy talap edýär. Ösdürilip ýetişdirilende, ekilýän ýeriniň topragyna baglylykda, iki ýa-da üç gezek suwarmak ýeterlik. Şeýle hem tohumyna görä, 75-100 güne çenli möhletde ýetişýän oba hojalyk ekinleriniň biridir. Görnüşine hemem ekiliş usulyna baglylykda, bir gektara 15-20 kilogram tohum sepilýär.

Bu ekine ýöriteleşen ýurtlar bolan Awstraliýa, Mýanma ýaly ýerlerde 1 gektardan ortaça 2-2,5 tonna hasyl alynýar, biziň ýurdumyzda bolsa, 1-1,3 tonna möçberinde çykym-hasyl berýär. Türkmenistanyň howa şertleri mäşi ýetişdirmek üçin juda amatly. Birinjiden-ä, bugdaý orlandan soňra ekilip, güýzki bugdaý ekilişine çenli aralyk ekin hökmünde biziň yssy howa şertlerimizde ýetişdirip bolýanlygy, ikinjiden, az maýa goýum talap edýändigi, ýagny 1 gektara bary-ýogy 15-20 kilogram tohumyň ýeterlik bolýanlygy, üçünjiden, ýurdumyzda bar bolan tehniki enjamlar bilen ekiş işlerini gysga wagtda geçirip bolýanlygy, dördünjiden, mäş ekininiň suwy az möçberde talap edýänligi, mäşiň ekilen ýerini gurplandyrýandygy, bäşinjiden, bugdaýdan soň ekin dolanyşygynda ulanyp bolýanlygy, bugdaýdan boşan ekin meýdanlarynda tomsuň yssy günlerinde döräp biljek şorlaşmanyň öňüni alýanlygy, altynjydan, mäşiň samanynyň juda ýokumlylygy, onuň iri hem ownuk şahly mallara ot-iým bolup hyzmat edýänligi, ýedinjiden, dünýä bazarynda mäşiň ýokary bahadan satyn alynýanlygy hemem tekjedäki ömrüniň uzaklygy sebäpli, ony dünýäniň islendik künjegine eksport edip bolýanlygy.

Mäş — türkmen topragynyň gadymy ekini. Diýmek, ekene bähbitlidir, iýene ýaramlydyr, galan-gaçany guşa, mal-gara iýmlikdir.

Taýýarlan Öwez REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutyny
ň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.