GÜNDOGAR SEBITIŇ ÝÜK HOWLULARY HALKYŇ HYZMATYNDA
04-11-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary boýunça ýaýbaňlandyrylýan ösüşleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň ulaglar düzümini düýpli, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy dowam etdirilýär. Türkmenistan öz geografiki ýerleşişi boýunça Ýewropa bilen Aziýa yklymlaryny birleşdirýän ulag çatrygy bolmak bilen, sebitde dostlukly, özara bähbitli halkara gatnaşyklarynyň merkezine öwrülmäge doly mümkinçiligi bar. Bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalary amala aşyrylýar. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiziň binýadynda kuwwatly üstaşyr merkezi döretmek milli Liderimiziň baş aladalarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ulaglar infrastrukturasynyň esasy we barha kämilleşýän ulgamlarynyň biri hem demir ýol ulaglary pudagy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam edýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň aýrylmaz we möhüm bölegi bolup durýan döwrebap ulaglar düzüminiň hem-de ulag ýollarynyň kemala getirilmegi hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn içerki hem-de daşarky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi döwletimiziň üstünlikli ösmeginiň möhüm şertidir. “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 1-nji şahamçasyna degişli bolan Lebap welaýaty boýunça ýükleýiş-düşüriş bölüminde hem bu ugurda gyzgalaňly işler alnyp barylýar.
Bu bölüm öz düzümine Türkmenabat, Zergär, Kerki ýük howlularyny birleşdirip, olar gije-gündiziň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň möhüm halkasy hökmünde raýatlarymyza hyzmat edýär. Bu ýük howlularynyň agzybir işgärleri ýurdumyzyň ulaglar ulgamyny, halk hojalygyny, ykdysadyýetini ösdürmek ugrunda öz goşandyny goşup gelýär. Çünki, Watanymyzda daşalýan ýükleriň agramly bölegi demir ýol ulaglary arkaly amala aşyrylýar. Bu ýerde ýurdumyzyň gündogar sebitine dürli ýükleriň gelmegini, kabul edilmegini we ugradylmagyny guramak boýunça boýunça döwrebap we üznüksiz hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilýändigini görmek bolýar. Ýagny, bu bölümiň ýük howlularynda dürli görnüşli wagonlar – üsti açyk ýa-da üsti ýapyk wagonlar, platformalar, dumkarlar arkaly gelen ýükleri bökdençsiz kabul etmek, düşürmek we ýükläp degişli ugurlara ugratmak hyzmatlary ýerine ýetirilýär. Ýükleriň getirilmegi, düşürilmegi we ugradylmagy döwlet edaralary, hususy edaralar ýa-da telekeçileriň özi bilen baglaşylan şertnamalar esasynda alnyp barylýar. Olaryň hatarynda welaýatyň demir-beton kärhanasyny, “Mizemez gadam”, “Kiçi gala” hususy kärhanalaryny görkezmek bolar. Gelýän we ugradylýan ýükleriň arasynda şeben, ýuwlan daş, armatura, turbalar, agaç görnüşleri, keramzit, sement ýaly gurluşyk senagatynyň önümleri agdyklyk edýär.
Tejribeli demirýolçy Oraz Çaryýewiň ýolbaşçylyk edýän bölüminde 290-a golaý demirýolçy zähmet çekmek bilen, demir ýolda ýükleri kabul etmegiň, düşürmegiň, ugratmagyň hereketini sazlamak hyzmatlaryny bökdençsiz ýerine ýetirýärler. Bölümiň işgärleriniň arasynda has göreldeli işläp, zähmet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirän halypa demirýol işgärleriniň onlarçasy zähmet çekýär. Olardan Myrat Çaryýew, Jumaberdi Rejepow, Mähri Jepbarowa dagylary aýratyn belläp geçmek bolar. Bular bilen bir hatarda Islam Jumabaýew, Umytjan Babanazarow, Bagtyýar Kerimow, Nargiza Rejepbaýewa ýaly öz işine höwesli ýaş hünärmenleriň hem onlarçasy zähmet çekýärler.
Hawa, soňky ýyllarda demir ýol pudagynda önümçilik düzümleri uly ösüşe eýe boldy - täze kärhanalar açyldy, häzirki zaman tehnologiýa ulgamlary satyn alyndy, häzirki hereket edýän düzümler tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyryldy we olaryň kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Şeýlelikde, Türkmenistan polat ýollary arkaly, özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem zerur bolan ulag düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde ýene-de uly abraýa eýe bolýar. Ýurdumyzyň durmuşynyň takyk hereketi polat ýollaryň işiniň ygtybarly we üznüksiz bolmagyna köp babatda bagly bolup durýar. Gurlan we gurulýan häzirki zaman çar tarapa uzaýan polat ýollary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dünýä ýüzündäki abraýymyzyň has-da ýokary göterilmeginde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy has hem belent bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.