Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy ornaşdyryldy

29-06-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Merkezi Aziýada durmuş şertleri tutuşlygyna elektron ulgam arkaly dolandyrylýan ýeke-täk «akylly» şäher — Arkadag şäherine «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan 5G tehnologiýasy ornaşdyryldy.

5G tehnologiýasynyň ýola goýulmagy tehnologiýa ösüşiniň täze tapgyryna ädim bolmak bilen edara-kärhanalaryň işini tiz we oňaýly dolandyrmaga, sanly hyzmatlardan çalt peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 22-nji fewralynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş  saparyny amala aşyryp, 4G+ aragatnaşyk tehnologiýasynyň işe girizilmegine ak pata beripdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda 5G tehnologiýasyny işe girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen bagly tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei» kompaniýasy bilen bilelikde bu ugurda degişli işler geçirilip, bu ulgamy Arkadag şäherinde ornaşdyrmagyň ähli şertleri öwrenildi we 5G tehnologiýasy bu günki gün şäheriň ähli ýerinde doly elýeterli boldy.

Ykdysadyýetiň günsaýyn sanlylaşdyrylýan häzirki döwründe 5G tehnologiýasy internet hyzmatlaryndan peýdalanmagyň iň ýokary tizlikli neslidir. 4G aragatnaşygynyň tizligi sekuntda 200-250 MB maglumatlary geçirmäge ukyply bolsa, 5G sekuntda 500 MB-den — 1 GB çenli maglumatlary geçirip bilýär. Bu sanly ösüş ýokary tizlikli interneti talap edýän programma üpjünçilikleriniň ýeňil dolandyrylmagyny, şeýle hem birbada müňlerçe enjam arkaly internetden bökdençsiz peýdalanmagy üpjün edýär.

Arkadag şäheriniň şertlerinde 5G tehnologiýasy bilim maglumatlaryny ýokary tizlikde almaga, önümçilikde enjamlary sanly ulgam esasynda tiz dolandyrmaga, «akylly» şäher konsepsiýasynyň täze aýratynlyklaryndan peýdalanmaga, telewideniýede gepleşikleri 4K ölçegde göni ýaýlyma bermäge, telemedisina amallaryny ýerini ýetirmäge giň mümkinçilikleri açar.

Robototehnika ýaly depginli ösýän pudakda hem bu tehnologiýanyň uly ähmiýeti bar. Ol robotlaryň uzak aralykdan dolandyrylmagynda, robot tehnikalary ornaşdyrylan pudaklarda işleriň bökdençsiz amala aşyrylmagynda wajyp orna eýedir. Robotlar arkaly çylşyrymly we takyk lukmançylyk amallaryny ýerine ýetirmekde, senagatyň dürli pudaklarynda robotlardan peýdalanmakda 5G aragatnaşygynyň kömegi bilen iň ýokary netijeleri gazanyp bolýar.

Bu aragatnaşyk tehnologiýasy ýurdumyzda ähli ugurlarda işleriň has-da netijeli alnyp barylmagy üçin täze iş ülňüleriniň, innowasion dolandyryş endikleriniň, ýokary hiliň we önümçilik kuwwatlylygynyň sazlaşygyny döretmegiň täze döwrüne badalga berer.

5G tehnologiýasy — munuň özi dünýäniň häzirki zaman binagärlik çözgütlerinden ugur alnyp, täze tehnologiýalara esaslanyp bina edilen «akylly» şäherimiziň iň bir möhüm düzüm bölegidir. Ol Arkadag şäherinde häzirki zaman telekommunikasiýa infrastrukturasynyň döredilendigini alamatlandyryp, ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam berer.

16a85431de0068.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


16a853c5d3bad1.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16a853467d81f3.png
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.


16a85334b753b5.png
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.


16a8531f1c1a51.jpeg
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.