Zeýtun ýagynyň bejeriş aýratynlyklary
11-04-23
Zeýtun ýagynyň bejeriş aýratynlyklaryna baha bermek kyn. Gadymy grekleriň zeýtuny ýaşaýyş, saglyk we hasyllylyk agajy diýip atlandyrmagy ýöne ýere däldir. Zeýtun ýagy adam we saglygy üçin nähili peýdaly?
Zeýtun ýagy barada gysgaça maglumat
Zeýtun ýagynyň bejeriş häsiýetleri gaty köp, ol saglyk üçin iň peýdaly önümlerden biridir. Statistikalar bu ýagyň dünýäde sarp edilýän ösümlik ýagynyň diňe 3%-ini emele getirýändigini görkezýär. Arassa öndürilen zeýtun ýagy, adam bedeni tarapyndan 100% siňdirilýän seýrek önümleriň biridir.
Zeýtun ýagynyň bejeriş aýratynlyklary barada gürleşmezden ozal, bu önümiň daşky görnüşimize hem peýdaly täsir edýändigini bellemelidiris. Bu islendik aýal üçin möhüm hakykat. Zeýtun ýagy deriniň we saçyň gurluşyny gowulandyrýar (şonuň üçin ol diňe bir sarp edilmän, eýsem iýmitlendiriji maskalaryň bir bölegi hökmünde hem ulanylýar).
Hat-da horlanmak we metabolizmi kadalaşdyrmak prosesinde-de zeýtun ýagy, ýagdan başga zat däldigine garamazdan möhüm rol oýnaýar. Näme üçin iýmitleniş hünärmenleri onuň ähli görnüşli berhizlere goşulmagyny talap edýärler? Munuň syry, zeýtun ýagynda bar bolan olein kislotanyň bedenimizde beýnimize oňyn netije görkezýän ýörite maddanyň öndürilmegini artdyrmagydyr. Şeýlelik bilen, zeýtun ýagy açlyk duýgusyny üstünlikli we hemişelik basýar. Zeýtun ýagynyň bejeriş aýratynlyklary.
Indi zeýtun ýagynyň adam saglygy üçin peýdalary hakda.
Ilki bilen bu önüm holesterini azaltmak üçin çempiondyr. Aterosklerozyň, ýürek-damar keselleriniň, süýji keseliniň, Alsgeýmeriň we beýleki keselleriň öňüni alýar.
Zeýtun ýagynyň başga bir bejeriş häsiýeti: çişmä garşy täsiri bar. Ýagny, zeýtun ýagy bedendäki islendik çişmegi ýok edýär - anginadan diş etine çenli, tromboflebitden, aşgazan ýarasyndan we beýleki ýokançlyklardan goraýar. Şonuň üçin zeýtun ýagy lukmanlaryň aşgazan ýarasy üçin bellän ilkinji bejergisi diagrammasynda möhüm rol oýnaýar. Zeýtun ýagynda aýratyn gymmatly oleý we linoleý turşulyklary, A, D, E, K witaminleri bar. Esasan, hut şu toplum zeýtun ýagynyň bejeriş aýratynlyklaryny üpjün edýär. Olaryň arasynda: iýmit siňdiriş prosesiniň kadalaşmagy; aşgazan-içege ulgamynyň köp keselleriniň öňüni almak we bejermek; immun funksiýalaryny gowulaşdyrmak; dokumalaryň we organlaryň garramagyny haýallatmak (zeýtun ýagynda bar bolan antioksidantlaryň köp bolmagy sebäpli); akyl işjeňligini gowulaşdyrmak, güýçlendirmek; ýat, nerw keselleriniň täsirli öňüni almak; şikesleri we ýaralary çalt bejermekde işjeň gatnaşmak; aşgazanyň gyjyndyrmasyny ýaranyň döremeginden goramak; süňk dokumalaryny berkitmek; rak keseliniň öňüni almak; ýaly peýdaly taraplaryny aýtmak bolýar.
Zeýtun ýagy göwreli aýallar üçin hem peýdalydyr. Ýag kislotalarynyň köp bolmagy çaganyň beýnisiniň, nerw ulgamynyň emele gelmegine gatnaşýar.
Taýýarlan Ogulşat MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.