Taksi hyzmatynyň gerimi barha giňeýär
29-10-21
Raýatlara edilýän awtoulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, has-da kämilleşdirmek maksady bilen Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin hyzmat edýän jemgyýetçilik ulaglaryna, ýagny taksi ulaglaryna sargyt etmegiň täze görnüşi ýola goýuldy. «Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gysga 0555 belgisine jaň edip, taksi awtoulagyny sargyt etmek hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi web sahypasyna habar berilýär.
Müşderiler täze ýola goýlan 0555 gysga belgä günüň islendik wagty jaň edip, öz salgysyna taksi ulagyny sargyt edip bilerler. Taksi sargyt etmek üçin ýola goýlan hyzmatyň gysga belgide bolmagy müşderileriň ýadynda gowy galmagyna ýardam edýär.
Ýolagçy taksi ulagyna sargyt edýän raýatlar diňe 0555 gysga belginiň üsti bilen däl, eýsem, ozaldan hereket edýän 76-05-01, 76-05-02, 76-05-03 belgilerine hem jaň edip öz sargytlaryny edip bilerler. Täze 0555 gysga belginiň ozalkysyndan tapawutly tarapy bu belgi müşderilere islendik wagt habarlaşmak üçin elýeterlidir.
Her gün irden sagat 06:00-dan 14:00-a çenli taksi ulagyny sargyt eden müşderi diňe sargyt üçin 7 manat tölemeli, her kilometr ýol üçin bolsa müşderi 1 manat 20 teňňe tölemeli bolar. Eger-de taksi müşderiniň salgysyna gelip, oňa 2 minutdan köp garaşýan ýagdaýynda onda müşderi garaşylan her minut üçin 70 teňňe tölemeli bolýar.
Raýatlar günüň ikinji ýarymynda, ýagny 14:00-dan, irden sagat 06:00-a çenli taksi ulagyny sargyt edenlerinde olar taksi hyzmatynyň sargydy üçin 9 manat, şeýle-de her geçilen kilometr ýol üçin 1 manat 44 teňňe tölemeli bolýarlar.
Taksi ulagy müşderiniň salgysyna gelenden soň, müşderi ony 2 minutdan köp garaşdyrsa, onda garaşylan her minut üçin 90 teňňe tölemeli bolýar. Eger-de sargyt edilen taksi ulagy müşderiniň salgysyna geliň müşderä 2 minutdan köp garaşan ýagdaýynda müşderi garaşylan her minut üçin 90 teňňe tölemeli bolýar.
Taksi hyzmatynyň tölegi azyndan 20 manat bolar.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.