Magtymguly diýip adym tutsalar...

24-12-24

«Ynsan kalbynyň öçmejek nury» kitabynda: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we durmuş pelsepesidir».

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
.

 

Asyrlaryň dowamynda uly-uly şäherleri gurup, taryhda öçmejek yzlar goýan ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýörelgeleri bu günki bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu gün halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy netijesinde Magtymguly atamyzyň arzuw eden döwletine, döwletliligine ýetdi. Halkymyzyň köküni çuňluklardan alyp gaýdýan belent çynardygyny äşgär edýän hakykatlaryň biri hem ynsan mertebesini ýokary götermek ugrunda akylyny, döredijilik ukybyny, kämil pähim-paýhasyny sarp eden, ähli eýýamlaryň akyldar ogly, parasatly şahyry Magtymguly Pyragydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan türkmen halky milli ruhy sütünlerimiziň biri bolan Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy we goldawy netijesinde geçmişiň belli alymlaryna, şahyrlaryna bagyşlanyp, halkara ylmy maslahatlar geçirilýär. Olaryň eserleri dürli dillere terjime edilýär. Türkmeniň we dünýä ýüzüniň taryhynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmagy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek maksady bilen, ýokary derejede taýýarlyk görmelidigi barada gol çeken Kararlary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Çünki bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Halkymyz  geçen  asyrlarda  hem Magtymgulynyň  şygyrlarynda  öňe sürülýän paýhasy  durmuşyň  beýik kanuny  hökmünde  diýseň  aýawly  hem  berk  tutupdyr. Ony öziniň  esasy ýörelgesine öwrüpdir. Magtymgulynyň  öňe süren  ruhy-ahlak garaýyşlary, ýagny  ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk  ýörelgeleri  türkmen halky  üçin  şu günem  juda gymmatly  bolmagynda  galýar.

Akyldar şahyrymyzyň döwründen 300 ýyla golaý wagt geçen-de bolsa, onuň ajaýyp edebi mirasy milletimiziň kalbyna baky ornap, agzybirlik, dost-doganlyk, ynsansöýüjilik, parahatçylyk we geljege ynam mukamyny çalyp dur. Ol bolsa hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe külli ynsanyň köňül taryna kakyp, baky bagtyýarlyk mukamyna öwrülýär.

Eziz topragyň mizemezligi, erkinligi, mukaddesligi beýik akyldaryň buýsanjyna buýsanç goşýar. «Türkmeniň» şygrynda şahyryň guwanjy göýä al-elwan güller ýaly açylyp, äleme ýaýylýar:

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Re
ňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmu
ş reýhana çöli türkmeniň.

Dünýä meşhur akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine kybap gelmeginde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň, esasan hem, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, mugallymlarynyň täzeçil gözýetimlere esaslanýan pikirine daýanylmalydygyny, şunda milli hem-de häzirki zamanyň binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny bellemegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýändiginiň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Munuň özi nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan biz ýaş nesillerde çuňňur buýsanjy döretdi.

Jennet ŞAMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.