Internet ummany türkmen dili bilen baýlaşdyrylýar
20-10-21
Internet ulgamy Bütindünýä tehniki infrastrukturasynyň maglumatlaryny saklaýan we arabaglanyşyk gurnamak üçin halkara birleşdiriji tor hökmünde ýaşaýyş-durmuş ugurlaryna berk we üstünlikli ornaşdy. Internet ulgamyny has janlandyrýan onlaýn söwda, onlaýn banking, onlaýn aragatnaşyk hyzmatlary, onlaýn kinoteatrlar, internet gözleg motory, wideo konferensiýa programmalary internet çeşmesiniň işjeň ulanylýan ugurlarydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan daşary syýasaty netijesinde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan aragatnaşyk ulgamynyň gerimini giňeltmek we hyzmatlaryny artdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.
Ýakynda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Russiýa Federasiýasynyň «Yandex» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda «Yandex gözleg» ulgamyna türkmen dilini girizmek, «Yandex karta» ulgamyna Türkmenistanyň işlenen kartasyny girizmek hem-de birnäçe berilýän hyzmatlara integrirlemek («Yandex taxi», Emeli aň, Emeli aňly taksi hyzmaty, Emeli aňly eltip bermek hyzmaty we ş.m.) we «Bulut tehnologiýalary» maglumat gorlary boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňelmek we ösdürmek babatynda özara gyzyklanma bildirilýändigi beýan edildi.
«Yandex gözleg» ulgamyna türkmen diliniň girizilmegi Internet torunyň giň toplumynda baý türkmen dilini ýaýbaňlandyrar. Mekdep okuwçylary, talyplar we ylmy işgärler bu saýtyň düzümindäki beýan edilen maglumatlary we täzelikleri ene dilimizde web sahypalaryň, suratlaryň we ses faýllarynyň üsti bilen özleşdirip bilerler.
Türkmenistanyň işlenen kartasynyň türkmen dilinde «Yandex karta» ulgamyna girizilmegi bolsa, ýurdumyzyň täze binagärlik desgalaryny we gözel ýerlerini ene dilimizde mahabatlandyrmak bilen, türkmen halky we daşary ýurtly işewürlerdir, myhmanlara ugrukdyryjy ýol görkeziji kartasy bolup hyzmat eder.
Dünýäniň ägirt uly Internet torunyň gözleg ulgamyna türkmen diliniň girizilmegi sanly metbugat giňişliginiň gerimini has-da artdyrar.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmeni.
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalarynda amallary ýeňilleşdirmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Özbegistan serhetüsti ýük daşamalary üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmek, töleg amallaryny kämilleşdirmek we “Farap-Alat” serhet geçelgesindäki tertip-düzgünleri ýokarlandyrmak, şeýle hem wagty tygşytlamak üçin nobatlary azaltmak meselelerine garadylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny dikeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrligi penşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan YHG-a agza ýurtlary üstaşyr logistika mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
Türkmen wekiliýeti 12-nji awgustda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly guralan halkara maslahatynda sebitara arabaglanyşygy üpjün etmekde Türkmenistanyň üstaşyr logistika mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy penşenbe güni habar berdi.
Aşgabatda ITTC 2026 halkara ulag-logistika forumy we sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde 24–26-njy noýabr aralygynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – ITTC 2026” atly bäşinji Halkara logistika forumy we sergisi geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada “OGUZ Forum & Expo” habar berýär.
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň ilçileri Transhazar hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň ilçileri 12-nji awgustda Waşingtonda Hazar deňziniň üsti bilen ulag we söwda aragatnaşygyny giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.