7-nji aprel - Bütindünýä saglyk güni

03-04-26

Saglyk güni – sagdyn durmuş, berk beden we güýçli aňyýet bilen gyzyklanýan her bir adam üçin möhüm baýramçylykdyr. Bu günüň taryhy öz gözbaşyny 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Tertipnamasynyň güýje girizilen gününden alyp gaýdýar. Şondan iki ýyl soňra, ýagny 1950-nji ýylyň 7-nji aprelinden bäri Bütindünýä saglyk güni halkara derejesinde bellenilýär.

Dowamly ösüşler, lukmançylygyň kämilleşmegi we bu ugurda yzygiderli gazanylýan açyşlar netijesinde ynsan ömri uzalýar. Birnäçe ýyl mundan ozal adamlar häzirki wagtda üstünlikli bejerilýän keselleriň pidasy bolupdylar. Şeýle-de bolsa ýeňil bolmadyk, gündelik iş talap edýän lukmançylyk pudagynda çözülmedik meseleler agdyklyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzasy boldy. Geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyz Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ilatyň saglygyny goramak we oňa howp salýan faktorlary aradan aýyrmak, dünýäde ýaýran howply ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşi güýçli depginde dowam etdirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek bilen onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalary ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşyp gelýär. Türkmenistan bu meseleleri çözmek boýunça halkara derejede goldanan başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. Ýurdumyza halkara güwänamalaryň ençemesiniň gowşurylmagy Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna uly baha berilýändigine güwä geçýär.

 

Bu günki gün, ýagny täze eýýamda, galyberse-de, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli baýlyk hökmünde adamyň, jemgyýetiň, halkyň saglygyny gorap saklamak meseleleri ilkinji orna çykaryldy. Sagdyn jemgyýet - bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär, ol ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, raýat we demokratik kämilligi bolup durýar. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek üçin döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, durmuş ugurly “Saglyk” Döwlet maksatnamasy her bir raýatyň saglygynyň umumymilli gymmatlygyň aýrylmaz bölegidigi bilen bagly ýörelgä esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Il saglygy - ýurt baýlygy” diýen şygardan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilýän täze, iň döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň ulanmaga berilmegi esasynda ýurdumyzyň hatda iň alysdaky künjeklerinde-de halkymyz halkara ölçeglere kybap gelýän giň gerimli, ýokary hünär derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny alýar. Şunuň bilen birlikde, dermanhanalaryň ulgamyny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar, şolarda isleg bildirilýän derman serişdeleriniň hem-de lukmançylyk maksatly önümleriň giň görnüşleri hödürlenilýär.

Soňky ýyllarda «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» kabul edilip, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri ornaşdyrmakda üstünlikler gazanylyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňüleriniň derejesine çykaryldy. Garaşsyz Diýarymyzda ýokanç we ýokanç däl keseller boýunça durnukly ýagdaý saklanýar.

Berkarar döwletimizde yzygiderli geçirilýän sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrýan dabaralar ýaş nesliň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryny ilkinjiler bolup goldaýandyklaryny ýene bir ýola subut edýär. Sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek şu günümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz bu günki gün Watanymyzda we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy al asmanda parladýarlar. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi çäksiz buýsandyrýar.

Ýurdumyzda köpçülikleýin sagdyn durmuş ýörelgesiniň ösdürilmegi, azyk ulgamynyň düzüminiň we görnüşleriniň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, adamlaryň zähmet çekmek, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ählisi, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Munuň üçin her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir.

Döwletmyrat ATAKAÝEW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.