KÄMIL ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ KUWWATY

12-06-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýaşlaryň syýasy-medeni çärelere has işjeň gatnaşmaklary, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek ugrunda oňaýly şertleriň döredilmegi dowam etdirilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem muny doly tassyklaýar.Bu resminama Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň şahsyýet hökmünde kämilleşmegini, öz saýlap alan ugurlarynda dünýä tejribesini özleşdirmeklerini hem-de işine döredijilikli çemeleşmeklerini, okuwda, işde, sportda, ylym we hünär öwrenmekde ýokary netijeler gazanmaklaryny üpjün edýär. Olaryň durmuş üpjünçiliginiň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ylmy hem-de döredijilik başlangyçlarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagy bolsa ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryp, ýurdumyzyň ýagty geljegine bolan uly ynamy döredýär. Çünki ýaşlar — nurana geljegimizi gurujylardyr, olaryň kämilligi Watanymyzyň kuwwatydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleri yzygiderli üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň hakyky watançylyk, ýokary ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklar, parasatly däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenilmeginiň möhümdigini nygtaýar.

Ýaşlar syýasatynda göz öňünde tutulýan wezipeler diňe ylym-bilim bilen çäklenmeýär, eýsem ol ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmegi hem maksat edinýär. Milli Liderimiz sagdyn jemgyýeti gurmagyň döwletimiz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygy barada aýdýar. Şonuň üçin jemgyýetiň wezipesi adamlarda çagalykdan başlap sport bilen meşgullanmak endigini döretmek, netijede bolsa saglygy, ruhubelentligi, erk-islegi berkitmek örän möhüm bolup durýar. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli döwlet syýasatynyň “Sagdyn bedende sagdyn ruh” atly ýörelgäni amala aşyrmakdaky giň gerimli işleriň möhüm bölegidir.

Sport, bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri taýýarlamak Arkadagly Serdarymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki ýaşlar halkymyzyň öňünde goýlan ägirt uly wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmeli ýaşlardyr. Olar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän kämil we adyl maksatlaryndan ugur alyp, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenýärler. Bu merdanalyk mekdebi şu günüň we geljegiň mizemejek binýadyny döredýär. Bu binýat bagtyýar durmuşyň, röwşen geljegiň binýadydyr.

Milli Liderimiz we Arkadagly Serdarymyz ata-babalarymyzyň taryhy asyrlara uzaýan ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýär, bagtyýarlyk döwründe bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar. Ýaşlaryň dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Eziz ÝAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.