Sanly ulgam – ösüşleriň aýdyň ýoly

12-06-23

Ýurdumyzda sanly ulgama geçmekde aragatnaşyk pudagy häzirki döwürde iň kämil, iň täze üpjünçiligi bolan we halkyň gündelik durmuşyna uly ýeňillikleri döredýän ulgam hökmünde geljege tarap batly gadamlary ädýär. Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bu ulgamyň dürli pudaklaryny ösdürmek we olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny tehnologiýanyň täze gazananlary bilen üpjün etmek döwrebap amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýagdaýy bilen deň derejede alnyp barylýar. Çünki häzirki wagtda aragatnaşygyň durmuşymyzyň umumy çäginde esasy peýdalanylýan ulgamdygy ählimize mälim ýagdaý.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň esasynda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda berýän tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda möhüm işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ygtyýarly edara hökmünde bellenilmegi hem bu ulgamyň sanlylaşdyrmak işinde möhüm orna eýe bolup durýandygyny görkezýär.

Berkarar Watanymyzyň aragatnaşyk ulgamyndaky işleriň kämilleşdirilmegini döwür, adamlar, hemmetaraplaýyn ösüşiň özi talap edýär. Şonuň üçin hem bu ulgamyň işi häzir bar bolan mümkinçilikler esasynda görnetin ýokarlandy. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde sanly ulgama geçmek ädimleri batly depginde dowam edýär. Muňa raýatlarymyzyň elektron hyzmatlardan peýdalanmagyny, dürli ulgamlar bilen baglylykdaky gatnaşyklarynda internet arkaly töleg, resmileşdirme, aragatnaşyk hyzmatlary ýaly mümkinçilikleri ulanmaklaryny mysal getirmek bolar.

Umuman aýdanymyzda, aragatnaşygyň häzirki döwürde iň bir köp ulanyjyly, jemgyýet tarapyndan köp isleg bildirilýän ulgamdygy belli ýagdaý. Hut şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň döwür bilen aýakdaş ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär, halkymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryndan elýeter peýdalanmagyna giň şertleri döredýär. 

Ähli ugurlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ilatyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli ulanyp, zähmet öndürijiligini artdyrmaga-da ýardam berer. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda hem amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Adam hakynda irginsiz aladalar edýän, onuň parahat we döwrebap ýaşaýşy üçin belent maksatlar esasynda netijeli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Pena ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.