GÖZELLIGIŇ DÜRDÄNESI AK ŞÄHERIM AŞGABAT

20-06-23

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam döwletiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň başlangyjy esasynda Aşgabady ösdürmek boýunça kabul edilýän resminamalar paýtagtlylaryň eşretli durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini nazarlaýar. Bilşimiz ýaly, Aşgabat şäheri dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Jahandaky geň-enaýy, täsin ýagdaýlary hasaba alýan abraýly neşiriň sahypalarynda nurana Aşgabadyň adynyň mynasyp orun tutmagy baş şäherimiziň ösdürilmeginde ýetilen sepgitleriň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle bolansoň, il-günümiziň, mähriban Arkadagymyzyň mähir-yhlasyndan kemala gelen şäherimiziň nury-jemalyna neneň buýsanmajak, neneň guwanmajak?!

Aşgabat diňe bir özüniň ajaýyp keşbi bilen däl-de, eýsem, her dürli halkara, şol sanda ylmy maslahatlaryň geçirilýän şäheri, sebitde parahatçylyk, ylalaşdyryjy merkez bolup durýandygy arkaly-da ady älemde mälimdir. Dünýäniň ýurtlaryndan belli syýasatçylaryň, döwlet ýolbaşçylarynyň bu ýere gelip, yklym, dünýä ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşýandygy-da Aşgabada, hormatly Prezidentimize, halkymyza, mahlasy, Garaşsyz Türkmenistana goýulýan sarpadan, bildirilýän ynamdan nyşandyr. Ýagşy iş etseň, il tanaýar. “Älem içre adam gezmez at gezer” diýlişi ýaly, häzirki döwürde mähriban Arkadagymyzy dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän Lider hökmünde, Aşgabady bolsa haýyrly işlere badalga berýän şäher hökmünde dünýäniň çar künjeginde tanaýarlar.

Ak kümüş ýaly gözel şäheriň her binasynda türkmeniň ruhy öwüşgini, mertebe belentligi bar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen gurlan her bir binanyň sungat derejesine ýetmegi, olaryň mermer bilen ýazylan, döwrüň, ýurduň, halkyň bagtyny wasp edýän esere meňzeýändigi kalbyňda joşgun döredýär. Bu ak binalaryň hersi hakynda aýratyn söhbet edip, göwrümli eserleri ýazmak mümkin. Seretseň, köňlüňe şatlyk dolýar.

Döwrüň ösüşleriniň türkmeniň milli ýörelgelerinden ugur alyp, halkara derejesinde ýaýbaňlanýandygyny her ädimde görüp bolýar. Munuň mysalynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem ençeme döwrebap binalaryň, şol sanda «Türkmenbaşy», «Senagat» paýdarlar täjirçilik banklaryň, Halk Maslahatynyň Diwany, Kabul ediş merkezi, «Arkadag» myhmanhanasyň, «Laçyn» seýilgähiň, Söwda we dynç alyş işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» binalar toplumyň açylyş dabaralaryny aýtmak bolar.

Gurulýan binalar, desgalar halkyň ykbalyndan aýry geçmeýär hem-de ýurdumyzyň ähli ugurlardan gülläp ösýändigini görkezýär. Ýurdumyzda we paýtagtymyz Aşgabatda ýerine ýetirilýän gurluşyklar milli ýörelgelerimizden ugur almak bilen bir hatarda ylmyň gazananlarynyň esasynda hem amala aşyrylýar.

Gözel paýtagtymyzy ösdürmek ugrunda birnäçe çäksiz işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Milli Liderimiziň we Arkadagly Prezidentimiziň yhlasy bilen güller açýan ak mermerli gözel paýtagtymyz Aşgabat güllesin, gül açsyn!

Baýram GURBANDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 401-nji toparçasynyň talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.