ÖSÜŞIŇ TÄZE TAPGYRY
03-06-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden we geljekki ösüşleri nazarlaýan sanly ulgam özgertmeleri barha ýaýbaňlandyrylyp, bu babatda maksatnamalaýyn işleriň gerimi has-da giňeýär. Uly üstünliklere beslenip gelýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem eziz Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda sanly ykdysadyýete esaslanýan uzakmöhletleýin maksatnamalar amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen halk hojalygynyň ähli pudaklaryna innowasiýalar we täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, durmuşa geçirilýän işlerde dünýä tejribesine, ylmyň gazananlaryna esaslandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu Konsepsiýa halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, olara innowasion häsiýet bermäge gönükdirilendir. Onuň çäklerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hereket edýän edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, halka ýetirilýän hyzmatlaryň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar.
Konsepsiýany üç tapgyrda amala aşyrmak maksat edilýär. birinji tapgyr 2019-njy ýyllarda, ikinji tapgyr 2020 — 2023-nji ýyllarda, üçünji tapgyr bolsa 2024 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrylar. Her tapgyrda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan maksatnamalar we taslamalar toplumy durmuşa geçiriler. Bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we düzüm taýdan üýtgedip gurmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, durmuş meselelerini çözmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň täze ulgamyny döretmek, pul-karz, salgyt-býujet we nyrhlar ulgamyny kämilleşdirmek, milli puluň gymmatyny ýokarlandyrmak ýaly esasy ugurlar boýunça işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda edara-kärhanalara halkara ölçeglerine laýyk gelýän enjamlaryň ornaşdyrylmagy, olaryň internet ulgamyna birikdirilmegi, hyzmatlaryň elektron ulgama geçirilmegi halka hyzmat etmek işini dünýä ölçegleriniň talaplaryna laýyk ýola goýmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge giň ýol açdy. Şonuň netijesinde hem bu gün ýurdumyz dünýä ösüşine has işjeň goşulyşýar. Adamzat taryhynyň häzirki globallaşma döwri adamlaryň arasyndaky araçäkleriň uzaklygyna garamazdan, özara baglanyşygy üpjün etmegiň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu gatnaşyklar jemgyýetde maglumatlaryň alyş-çalşygyna ýardam edýän tehnologiýalaryň ösüşiniň möçberi we depgini boýunça üpjün edilýär.
Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ägirt uly möçberli meýilnamalar, döredilýän giň mümkinçilikler türkmen halkynyň şu günki we ertirki nesliniň bähbidine gönükdirilendir. Bu gün türkmen ýaşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de galkyndyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen hoşniýetli içeri hem daşary syýasatlaryny durmuşa geçirmäge, döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmelerine we ýurdumyzy ösdürmäge mynasyp goşandyny goşup, işde, döredijilikde ägirt uly üstünlikleri gazanýarlar.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Gurbanberdi KÄBEMYRADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.