parahatçylyk söýüjilik SYÝASATYMYZ — BAGTYMYZYŇ BINÝADY
03-06-23
Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk eýýamy türkmenistanlylar üçin ählitaraplaýyn gülläp ösüşiň döwrüne öwrülip, ol bagtyýar halkymyzy täze ajaýyp işleri döretmäge ruhlandyrdy. Şunda hormatly Prezidentimiziň asyrlarboýy parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerini wagyz edýän türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alýan däplerini aýawly saklamakda görnükli ornunyň bardygyny aýratyn nygtamak gerek.
Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige, deňhukukly halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasaty esasynda Türkmenistany ýaşamak üçin iň gowy, has abadan hem-de özüne çekiji mekana öwürmek babatda giň gerimli meýilnamalar, ägirt uly taslamalar we maksatnamalar amala aşyrylýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň baha bermegine görä, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gündogar Ýewropa hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy sebitinde ýerine ýetirmek üçin durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitlän ilkinji ýurt boldy. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak bilen, Türkmenistan Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hem-de bu meseläni guramanyň işiniň ýörite ugry hökmünde kesgitlemek baradaky başlangyjy öňe sürdi. 2018 — 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi bu möhüm wezipäniň binýady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşyl ösüşiň strategiýasyny» ýurdumyzy durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň gurallarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şol ösüş öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köp asyrlyk milli däplerimize esaslanýar.
Ösüşiň ekologiýa konsepsiýasy adamlaryň durmuşyny ajaýyp türkmen tebigaty bilen sazlaşykda ösdürmegi, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmagy hem-de döwletimizi ösdürmegi ugur edinýär. Ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistanyň toplan tejribesi köp ýurtlar üçin, ilkinji nobatda, senagat taýdan ösen ýurtlar üçin nusga bolup durýar.
Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda beýik başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmekde şanly toýa barýan nurana ýolda, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Parahat ITALMAZOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.