DEMIR ÝOL PUDAGYNYŇ BAÝ MIRASY
14-10-21
Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň, diýarymyzda ägirt uly syýasy, ykdysady, ruhy özgertmeler amala aşyryldy. Amala aşyrylan pudaklaýyn işleriň netijesinde ýurdumyzda milli aň, milli gymmatlyklar öň görlüp - eşidilmedik derejelerde ösdi. Türkmeniň milli medeni gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň arasynda özboluşly ýakyn, jebis, täze arabaglanyşyk emele geldi. Köne bilen täzäniň arasyndaky baý mirasy açyp görkezýän pudaklaýyn muzeýler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylyp, zähmet adamlarynyň baý mirasyny halka ýetirmekde mynasyp işler ýola goýuldy. Çünki, medeniýet, ylym, bilim, terbiýe pudaklarynda muzeýler jemgyýet tarapyndan öňde goýulýan özboluşly meseleleri çözýärler. Muzeýleriň jemgyýetde ornuny kesgitlemekde olaryň öňünde goýulýan talaplardan gelip çykýan sosial wezipelere düşünmek uly ähmiýete eýedir.
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 21-nji şahamçasynyň binasynda ýerleşýän demir ýolçularyň muzeýi hem bu ugurda esasy ojaklaryň biridir. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinde, ýagny 1991-nji ýylyň dekabrynda döredilen bu muzeý ýurdumyzyň demir ýol pudagyna degişli baý eksponatlar düzümini özünde jemleýär. Onda kärhananyň, ýagny ozalky Türkmenabat ýük wagon deposynyň döredilen gününden başlap, şu güne durmuşyny açyp görkezýän dürli maketler, suratlar, albomlardyr kitaplar syýahatçylarda gaýtalanmajak täsir galdyrýar. Muzeý işi muzeý gaznasynyň esasynda ýaýbaňlandyrylýar. Bu muzeýiň gaznasynda ýurdumyzda demir ýol pudagynyň ösüş taryhyny alamatlandyrýan dürli görnüşli şaýlardyr esbaplar bu ugurda gymmatly hazyna bolup hyzmat edýär. Olaryň arasynda dürli wagon görnüşleriniň tigir jübütleri, wagon göteriji damkratlar, kömür gyzdyryjy peçler, ilkinji wagonlarda ulanylan çyralar muzeýiň düzümini baýlaşdyrýar. Kärhananyň işgärleriniň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleriniň şaýady bolup durýan dürli medallarydyr ordenleri, hormat hatlarydyr, kuboklary hem muzeýde mynasyp ornuny tapandyr. Özboluşly dizaýnda ýerleşdirilen eksponatlar göze ýakymlylygy bilen hem täsirlidir.
Demirýolçularyň dürli ýyllarda gazanan zähmet ýeňşini, sport üstünliklerini alamatlandyrýan bu şaýatnamalar ýaş işgärlere görelde almaga ýardam berer. Muzeý işiniň tejribesiniň öwrenilmegi muzeýleriň ylym we medeniýet ulgamlaryndaky ornunyň, halkyň ruhy medeniýetine täsiriniň artýandygy barada şaýatlyk edýär. Bu ilki bilen taryhy hem-de pudaklaýyn muzeýler babatynda şeýledir, sebäbi olar aýratyn terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Demirýolçularyň zähmetde gazanan üstünliklerini, demir ýol pudagynyň ösüşini alamatlandyrýan diwar suratlary pudagyň döräp ugran pursadyndan başlap ýyllar boýunça ösüşini aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Muzeýde ýerleşdirilen hormatly myhmanlaryň ýazgylar kitabynda muzeý döredilenden bäri, bu ýere syýahata gelen ýerli we daşary ýurtly medeniýet söýüjileriň ýazgylary galdyrylypdyr. Bu ýere gelen her bir syýahatçy demir ýol pudagynyň ýurdumyzda bir asyrdan gowrak baý taryhyna gaýybana syýahat etmäge mümkinçiligi bar.
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
ÇÄRE GEÇIRILDI
18-nji martda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler jaýynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda neşe serişdeleriniň zyýany we ýangyn howpsuzlyk düzgünleri, sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
«Sanly çözgüt – IT meýdança» HJ-de mekdep okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça bäsleşik geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak, täze sanly taslamalary işläp taýýarlamak, raýatlaryň tehnologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak we bu ugurda täze pikir-garaýyşlaryny durmuşa geçirip biljek ökde hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.
Nowruz baýramy mynasybetli şäherara ugurlar boýunça goşmaça awtobus gatnawlary ýola goýlar
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy mynasybetli giň gerimli we şowhunly dabaralar geçiriler. Bu baýram tebigatyň oýanmagyny, bolçulygy we ýaz paslynyň gelmegini alamatlandyryp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly şatlyk-şowhun bilen belleniler.
Türkmenistan emeli aň we maglumat merkezleri boýunça milli strategiýa taýýarlar
Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew milli maglumatlary gaýtadan işlemek merkezini (Data Center) gurmak, emeli aň boýunça döwlet strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de «Türkmentelekom» kärhanasynyň esasynda ýöriteleşdirilen Emeli aň ösüş merkezini döretmek meýilnamalary barada habar berdi. Bu barada ministriň «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumda eden çykyşynda aýdyldy.
Mogilýow wagon gurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna girmegi meýilleşdirýär
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumynyň gatnaşyjylarynyň arasynda Mogilýow wagon gurluşyk zawodynyň wekilleri hem bar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.