Wagt bu uly gymmatlykdyr

02-04-23

 

  1. Şu gün etmeli işiňizi, sapagyňyzy ýa-da meseläňizi ertire goýmaň.  Sebäbi her günüň öz işi bar.
  2. Bir gezekde diňe bir zady ediň, bir sapak, bir kitap, hatda bir bap üstünde işläň.  Pikiriňizi sowmazlyk üçin.
  3. Başlan zadyňyzy gutarman başga birine geçmäň.
  4. Şu günki işimizi gutarandan soň ertir näme etmelidigini meýilleşdiriň.
  5. Işlemek üçin oturanyňyzda, ähli akyl we beden güýjüňizi şol  işe bagyşlaň.
  6. Edýän işiňizde kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, ony ýeňip geçmezden ozal bir ädim yza çekilmäň.  Şuny biliň: hyjuw kynçylyklary ýeňip geçmekden gelýär.  Bu zat adama ruhy lezzet berýär.
  7. Ilki bilen işiňizde ýüze çykýan kynçylyklary aýyryň, soňra bir bölekden ýerlikli çözmäge synanyşyň.
  8. Yzygiderli işläň, iş prosesinde uzak dynç almaň.  Işlemek ukybyňyz peselmez ýaly.
  9. Bir işden ýadasaňyz, işiňizi üýtgediň ýa-da dynç almak üçin haýal hereket ediň.  Diňe dynç almak bahanasy bilen boş oturmaň.  Dynç alyş aýlarynda-da azajyk işläň.Ol adamyñ saglyk ýagdaýyna-da ruhy ýagdaýyna-da zyýanly täsir ýetirmeýär.
  10. Iş öndürijiligiňizi işe sarp eden wagtyňyz bilen ölçemäň we “Şu gün köp sagat işledim, ýeterlik” diýmäň, islendik bir işi edeniñizde oña sarp eden wagtyñyza däl-de işiň netijesine serediñ.
  11. Şu gün näme edeniňizi, haýsy netijelere ýetendigiňizi we ertir näme etjekdigiňizi pikir etmän uklamaň.
  12. Hiç wagt gaharlananyňyzda bir zat etmegi ýüregiňize düwmäň, gaharyňyzyň azalmagyna garaşyň.
  13. Bir zady etmek ýa-da etmezlik barada berk karar berip bilmeýän bolsaňyz, onuň peýdaly we zyýanly taraplaryny üns bilen gözden geçiriň, iň peýdalysyn we iň az zyýanlysyn saýlaň.
  14. Garrylaryň tejribesini ulanyñ özbaşdak tejribesiz zatlara synanyşmak gowulyga eltmez.

Taýýarlan Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.