BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ ŞANLY GADAMLARY

03-06-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkyna uly bagty peşgeş berdi. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyzyň milli akabasyna dolanyp gelmek isleginiň, erkanalyk ruhunyň köňüllerde şinelän binýady netijesinde bina boldy. Sebäbi türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde geçmişde azat hem erkin durmuşy gurmaklygyň gymmatynyň aýratyn orny bardy.

Bu iki mukaddeslik geçmişde halkymyzyň toplan mirasyny we durmuş tejribesini jemgyýete gaýtaryp getirdi. Ata-babalarymyzyň nesillere galdyran baý mirasyna, giň dünýägaraýşyna, paýhasly ýol-ýörelgelerine eýe bolduk. Berkarar döwletimiziň her bir raýaty bu adamkärçilikli ýörelgelerdir paýhas gorlarynyň dürdänelerini häzirki zaman jemgyýetinde gymmatlyk hökmünde nusga edinip aldy.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny bütin dünýä jar edenine 32 ýyl, hemişelik Bitaraplyk hukugyna bolsa 27 ýyl dolýar. Bu döwürde türkmen halky halal zähmeti, baý döredijilik mirasy, ynsanperwer garaýyşlary, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary bilen bütin dünýäde ykrar edilen millet hökmünde özüni tanatdy. Bu mukaddeslikler pederlerimiziň ýyllarboýy arzuw-telwaslarynyň, köňül küýsegleriniň bu günki günde amala aşandygynyň görkezijisi hökmünde belent hem milli häsiýetde ebedi bütewiligini tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty döwletimiziň dürli ugurlardaky belent ösüşlerine we ýaşaýyş rowaçlygyna täzeden jan, täzeden badalga berdi.

Diýarymyz arzuwlaryň amala aşyp, halkyň eşretli zamanada bagtyýar döwran sürýän ýurduna öwrüldi. Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk binýadyny düýpli berkidýän ýurt Baştutanymyzyň halkymyza bagyş eden erkinliginiň, rowaçlygynyň, bagtyýarlygynyň bu günki gündäki höziri hem, ýakymy hem başgaça.

Gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanyldy. Ýurtda halkyň maddy we ruhy durmuşyny özgerden birnäçe durmuş-ykdysady, medeni we syýasy maksatnamalar kabul edildi. Türkmenistan gülläp ösýän ykdysadyýetli, kadaly syýasy ulgamly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän demokratik, hukuk we dünýewi häzirki zaman döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň gysga wagtda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi bolsa ösüşleriň täze belentligine çykmaga, dünýä ähmiýetli, umumadamzat bähbitli meseleleri öňe sürmäge itergi berdi.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ynsanperwerlik ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan Diýarymyzyň ösüşlerini dünýä derejesine çykaran, halkara at-abraýyny belentliklere galdyran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ylýas MERDANOW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby. 

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.