BERKARAR DÖWLETIMIZ ŞANLY GARAŞSYZLYK TOÝUNY TOÝLAÝAR
22-09-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly geçmişimizi, nurana şu günümizi we Watanymyzyň röwşen geljegini aňladýan mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň berkararlygynyň hem-de halkymyzyň agzybirliginiň mizemez esasy bolup durýar. Ata-babalarymyzyň Garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-isleglerini, halkymyzyň buýsanjyny hem-de nurana geljegimize bolan ynamyny özünde jemleýän beýik baýramçylygy türkmen halky uly dabara bilen belleýär.
Garaşsyzlygyň täze türkmen taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanunyň kabul edilen gününden bäri döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň jebisliginiň müdimi binýady bolan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkyny uly ösüşlere ýetirdi. Şöhratly geçmişimizi, şu günümizi we Watanymyzyň beýik geljegini aňladýan mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň esasy bolup durýar.
Garaşsyz ösüş ýoluna düşen döwletleriň her birinde öz milli buýsanjyna öwrülen binalaryň, milli gymmatlyklaryň bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyzda hem Garaşsyzlyk binasy her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýan desgalaryň biridir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň mizemezliginiň nyşany bolan bu bina paýtagtymyza aýratyn bezeg berýär hem-de özüniň özboluşly binagärlik çözgüdi bilen göreni haýrana goýýar. Uzaklardan seleňläp görünýän Garaşsyzlyk binasy ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerini, ýetýän belent sepgitlerini alamatlandyrýar.
Ata-babalarymyzyň garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw isleglerini, hem-de nurana geljegimize bolan ynamyny özündejemleýän beýik baýramçylygyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň aýdyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasy beýik maksatlarymyzyň myrat tapýandygyny aňladyp, türkmen paýtagtynyň görkana keşbine gözellik goşýar. Bu ajaýyp binanyň durky şanly baýramymyzy has-da dabaralandyryp, buýsanjymyza buýsanç goşýar.
Her bir güni ýokary üstünliklere beslenýän döwrümizde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge ýurdumyzyň baş şygarydyr. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň tagallalary bilen gurulýan binalar, desgalar ynsan durmuşyny bagtyýarlyga we eşrete beslemäge niýetlenendir. Bu il-ýurt bähbitli işler milli Liderimiziň öz halkynyň arzuw-islegini, bähbitlerini hemme zatdan ileri tutýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzda paýtagtymyz bilen birlikde Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarda gurulýan binalardyr desgalar hem häzirki döwürde Watanymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Merkezi Aziýanyň dürdänesi diýen belent ada mynasyp bolan paýtagtymyz Aşgabat bolsa bu günki gün görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi. Onuň ajaýyp binalary milli binagärlik keşbi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun aldy.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler gazandy. Häzirki döwürde «Açyk gapylar» syýasatyna eýerýän Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklary alyp barmak bilen gün-günden pugtalandyrýar.
Milli Garaşsyzlygymyz — bagtyýarlygymyzyň gözbaşy, ruhy dünýämiziň goşa ganaty. Bu günki gün Garaşsyzlygyň beren eşretine guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz üçin mukaddes Watanyň, eziz Arkadagymyzyň ady dillerde sena bolup ýaňlanýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň türkmen nusgasyny ýörelge edinen merdana milletimiz döwrüň peşgeş beren ajaýyplyklarynyň şaýady bolýar. Ynsanperwer ýüregi «Watanym, halkym – bagtym!» diýip urýan Milli Liderimiziň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» şygaryny nusga edinip, geljegiň arzyly sepgitlerine gadam basýar.
Bitaraplyk derejesi halkymyza ýeňişlere beslenen şöhratly we aýdyň ýoly açyp berdi. Halkymyz üçin bu bagtly ýoluň açylmagynyň gözbaşy döwletimiziň Garaşsyzlyga eýe bolmagyndan başlanýar. Ine, bu gün bolsa ýurdumyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýar. Türkmen halkynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegini gazanan Garaşsyzlyk baýramymyz gutly bolsun!
Mundan 33 ýyl ozal dünýä inen Garaşsyz Watanym! Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna ýol açyp, sen köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdiň. Seniň mizemezligiň halkyň jebisliginde jemlenýär. Indi sen üç onýyllyk bäri ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda... taryhy ösüşleri üpjün edip, ösüşli menziller bilen öňe barýaň. Goý, bu ýoluň asyrlara uzasyn! Otuz ýaşyň gutly bolsun, eziz Watanym!
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata-babalarymyzyň yhlasy siňen keramatly topragymyzda agzybirlikde ýaşaýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny ýurt möçberli dabaralara besleýär. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Saýara BALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Arkadag şäherinde 5G aragatnaşygy ornaşdyryldy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda täze tehnologiýalar, kämil hem akylly serişdeler ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bolsa ýurt ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta taslamasynda möhüm oruny eýelär
Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýelärler. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde mälim etdi.

Stambulda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi 2025-nji ýylyň 2-5-nji iýuly aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler. Sergi Türkmenistanyň hökümetiniň hem-de degişli döwlet we hususy pudaklarynyň bilelikde guramagynda geçiriler.

Gazagystan Türkmenistana ýük daşamagy artdyrmagy meýilleşdirýär
Gazagystanyň hökümeti Türkmenistan hökümeti bilen ulag, logistika we üstaşyr pudagyndaky strategiki hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygy tassyklamak baradaky kanunyň taslamasyny taýýarlady.

Türkmenistanyň we Russiýanyň sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär
Türkmenistanyň we Russiýanyň sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilip, özara bähbitli mümkinçilikleri açýar. Russiýanyň Astrahan oblasty bilen bilelikdäki täze başlangyçlar bu gatnaşyklaryň güýçli depginde ösdürilýändiginiñ nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şeýlelikde, köp ýyllyk tejribesi bolan Astrahanyň iri kompaniýasy «Grand Fish» tarapyndan Türkmenistana balyk önümleriniň iberilişi ýola goýulýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.