Sanly bilim – ösüşlere badalga
25-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda milli ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredilýär.
Eýsem, sanly bilim ulgamy diýmek näme? Sanly bilim ulgamy bu bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we başgalar) esasynda kämilleşdirmek, internetiň mümkinçiliklerini bilim bermäge we bu ugurda ýakyndan aragatnaşyk saklamaga peýdalanmakdyr.
Ösen kompýuterçilik tilsimatyna daýanýan häzirki zaman jemgyýetinde ynsanyň iň gymmatly serişdesiniň wagtdygyny nazara alanymyzda, sanly bilim ulgamynyň amatlyklary diňe bir wagty tygşytlamak däl, eýsem, bu babatdaky iň häzirki zaman usullarynyň elýeterli bolmagyny gazanmakda hem mümkinçilikleriniň çäksizdigi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de sanly bilim nazary we amaly okuwlary dogry hem netijeli gurnamaga, ylmyň, tehnikanyň dünýä ulgamynda iň soňky gazanan üstünliklerine daýanyp, olaryň dürli pudaklary babatda ýetilen ýokary sepgitler hakyndaky täzeçe pikirleri, düşünjeleri almaga hem giňden ýardam berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaşlaryň dünýä derejesinde ýokary hilli bilim almaklaryny, olaryň ylmy binýadyny kemala getirmegi doly derejede üpjün edýär. Orta mekdeplerde sapaklaryň interaktiw tagtalarda geçilmegi, ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portallarynyň, kitaphana portallarynyň döredilmegi, umumy sapaklaryň sanly ulgam arkaly geçilmegi, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilelikde ýörite sapaklaryň geçilmegi we beýlekileri muňa mysal getirmek bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli pudaklary sanlylaşdyrmakda, bu ugruň amatlyklaryny ýaşaýyş-durmuşymyza giňden ornaşdyrmakda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa häzirki zamanyň iň kämil hyzmatlaryny ilata hödürlemäge mümkinçilik berýär.
Umuman, sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek mümkin boldy. Ol ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün etdi.
Ýurdumyzyň ylym-bilim binýadyny pugtalandyrmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.