Telekeçilik işi uly ösüşlere beslenýär

23-03-23

Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçileri goldamak, kiçi we orta telekeçiligi has-da ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemleýär. Birleşme ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegini, ýagny hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçilik başlangyçlary goldamak hem-de döwrebap işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Bilişimiz ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanyp mart aýynyň 17 – 23-i aralygynda  sergi geçirilýär.

Sergä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurda iş alyp barýan 200-den gowrak agzalary gatnaşýar. Telekeçiler sergide öz önümlerini we gazanan üstünliklerini görkezýärler. Olaryň 15 ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri, mynasyp bolan güwänama we diplomlary barada giňden tanyşdyrýarlar.

Sergide işewür telekeçilerimiziň dürli pudaklara degişli önümlerini görmek mümkin. Meselem, «Talhan» söwda nyşanly çörek we çörek önümleri, «Täze aý», «Balşeker», «Hasar», «Duýgy», «Doganlar ýyldyzy», «Ak gar» haryt nyşanly süýji-köke önümleri, «Tut» haryt nyşanly içgileri, «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň ýetişdiren gök we miwe önümleri, «Peragat» hojalyk jemgyýetiniň «Nesil» haryt nyşanly gaplanan önümleri we «Eco» haryt nyşanly bir gezeklik gaplary we başgalary mysal etmek mümkin.

Mundan başga-da, sergä «Geljege miras», «Ak gaýa», «Gujurly bilim merkezi», «Aýdyň gijeler», «Derýaplastik», «Sahabatly» hojalyk jemgyýetleri, «Ak hünji» we «Aýbölek» kärhanalary, «Begler ýoly», «Algap», «Çaly» hususy kärhanalary ýaly ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan 200-den gowrak kompaniýalar gatnaşýar.

Sergide işewürleriň halka hödürleýän we eksport edilýän önümlerini, mundan başga-da, telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän dürli hili harytlar görmegiňiz mümkin.

Hususy ulgamda zähmet çekýän her bir raýatymyz döwletimiz tarapyndan goldanylýar. Önümçiligimizi has-da kämilleşdirip, ýurdumyzda mümkin boldugyça importyň möçberini azaldyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek üçin öz goşantlaryny goşýarlar.

Mundan başga-da ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazaryna çykaryp, daşary ýurt harytlary bilen bäsdeşlik etmek üçin harytlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen dürli önümçiliklerde dyngysyz zähmet çekýärler. Türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň önümçiliklerini barha işjeň ýola goýýarlar.

Aziza HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.