GÖZELLIGIŇ WE RYSGALYŇ TOÝY
21-03-23
Nowruz halkymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biridir. Onuň irki däp-dessurlary halkymyzyň gündelik durmuşynda we kalbynda, hakydasynda ýaşap gelýär. Tebigata janlanyş, ynsan köňüllerine galkynyş bagyş edýän Nowruzy ata-babalarymyz täze ýylyň başlanmagy hökmünde baýram edipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parasatly ata-babalarymyzyň çuň pelsepelerinden, garaýyşlaryndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Nowruz däpleri täze mazmuna, täze ruhy öwüşginlere eýe bolýar.
Bu günki gün umumadamzat medeniýetiniň dürdäne baýlygyna öwrülen Nowruz baýramynda ekerançylyk işlerine badalga bermek, halk döredijilik eserlerini, halk oýunlaryny ýerine ýetirmek, myhmansöýer halkymyzyň kalby ýaly bereketli toý saçagynyň bezegi bolan toý tagamlaryny taýýarlap, hödür-kerem etmek we beýleki milli ýörelgeler giňden dabaralanýar .
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyz hem il-ýurt ähmiýetli şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Şu günler baglar gülläp, baýyrlar gök dona bürenýär, tebigat ajap keşbe girýär. Daýhan uly umyt bilen ýere tohum taşladylar. Ýurdumyzda Nowruz baýramy gadymdan bäri giňden bellenip gelinýär. Nowruzda gije-gündiziň deňleşýändigini ata-babalarymyz irki döwürlerde anyklapdyrlar. Bu sene BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Baharyň gelmegi bilen, joşgunly zähmetiň, döredijilikli işleriň möwsümi başlanýar.
Asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alyp gaýdýan «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz», «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz gelse buz durmaz» ýaly pähimler her günüň, her paslyň özüne laýyk alamatyny kesgitleýär. Bahar baýramynda gelin-gyzlar üýşüp läle kakypdyrlar, aýdyşyklary aýdypdyrlar, monjugatdy oýnapdyrlar. Ýetginjekler at çapyp, göreş tutupdyrlar. Uly-kiçi hemmeler biri-birine gowy arzuwlary edipdirler. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýurdumyzda iň bir dabaraly bellenilýän baýramlaryň biridir. Ol gözelligiň, joşgunly ýaşaýşyň, ynsanperwerligiň hem-de zähmetsöýerligiň baýramydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toý-baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda bellenilip geçilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni hem munuň şeýledigini ýene-de bir ýola äleme äşgär etdi. Goý, berkarar Diýarymyzy bagy-bossanlygyň, gülzarlygyň Watanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Meretgül ÖWLÝAGULYÝEWA,
Saýat etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.