SAGDYN durmuş – BAŞ ÝÖRELGÄMIZ

08-09-21

Ösüşli menzillere tarap barýan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Saglyk adam üçin iňňän uly baýlyk hasaplanýar. Raýatlarymyzyň daş-töweregimizdäki ýokanç keselleriň zyýanly täsirlerinden, kesel ýaýradyjy tozanjyklardan goranmaklary, şeýle-de möwsümleýin ýokuşýan keselleriň öňüni almak üçin ýurdumyzyň saglyk ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Örän gysga wagtyň dowamynda paýtagtymyzda, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen hassahanalar, sagaldyş merkezleri, anyklaýyş we dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär.

Maşgala lukmançylygynyň giňden ornaşdyrylmagy, mekdebe çenli edaralarda, bilim ojaklarynda, şeýle-de edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegi, ilata ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň edilmegi we bu keselleriň döremegine getirýän hadysalary aradan aýyrmakda edilýän işler näsaglaryň berk gözegçilikde saklanmagyna uly mümkinçilik döretdi.

Dogry iýmitlenmek, wagtynda dynç almak we uklamak, saglyga peýdaly bolan dürli bedenterbiýe, sport maşklaryny ýerine ýetirmek, daş-töwerekdäki howanyň üsti bilen ýokuşýan dürli ýokanç kesellerden goranmak üçin lukmançylyk agyz örtüklerini ulanmak, saglygyňa peýdaly bolan arassa howadan dem almak lukmanlar tarapyndan berilýän ilkinji maslahatlardyr. Mähriban Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köpjiltli ensiklopedik kitabynda saglygymyz üçin peýdaly bolan we türkmen topragynda ýetişýän dermanlyk ösümlikler baradaky maglumatlar giňden beýan edilýär.

Häzirki wagtda lukmanlaryň maslahat berýän we hemmämiziň gündelik durmuşymyzda ulanylýan agyz örtüklerimizi ulanmagyň hem birnäçe usullary bardyr. Gündelik ulanýan agyz örtüklerimizi wagtly-wagtynda çalşyp durmaly, ýagny her örtüge berilýän wagt adatça 2 sagat hasaplanýar, ondan köp wagt ulanmaklyk maslahat berilmeýär. Çünki adamyň dem alyş ýollaryndan gelýän dürli göze görünmeýän mikroblar bize özüniň ýaramaz täsirini ýetirip biler, hut şonuň üçin hem agyz örtüklerini dogry peýdalanmak maslahat berilýär. Agyz örtükleriniň adam saglygyna getirýän peýdasy diýseň uludyr. Olar howanyň düzümindäki dürli tozan bölejikleriniň dem alyş ýollaryna düşmesiniň öňüni alýar. Islendik zat barada gürrüň edilende, esasan-da, saglyk hakda söz açylanda arassaçylygyň ilkinji orunda durýandygyny unutmaly däldiris. Sebäbi arassaçylygyň bolmadyk ýerinde dürli ýokanç keselleriň öz ýaramaz täsirini geçirýändigini lukmançylyk barlaglary subut edýär.

Saglygymyza seretmek we ony gorap saklamak ählimiziň özümize bagly, şonuň üçin hemmämiz arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý edeliň! Agyz örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmalyň, çünki agyz örtükleri saglygymyzy gorajak esasy zatlaryň biridir. Bize döredip berýän şeýle uly mümkinçilikleri üçin mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Ogulboldy BAZAROWA, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16ab37a9ec6d0b.jpeg
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY

Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.


16ab3788b244a0.jpeg
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.


16ab17f92b86fe.jpeg
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.